Diň salamda durnalaryň sesine... (kyssa)

12 Aprel 2022
578

Men ötegçi durnalaryň sesini diýseň gowy görýän. Şonuň üçinem alabaharda durnalaryň gaýdyp gelýän wagty uzakly gün asmana diň salýaryn. Uzak ýoly söküp gelýän ýadaw durnalar bolsa, göwnümi göterjek bolýan ýaly, özleriniň aryp gelýändigine garamazdan, begendirmek üçin obamyzyň deňine ýetenlerinde hasam hoşgylaw gykuwlaşýarlar. Eger bardy-geldi obamyzyň üstünden pessaý uçup gitseler men oňa hasam begenýärin. Sebäbi, olar pessaýlap uçan mahaly uzak gitmän öz sähramyzda gonýarlar. Ýokardan uçsa welin, gör, nirede düşleýändigini bir Alla bilýär.

Durnalaryň geçmeýän wagty men olaryň sesine juda meňzeş, Göwher gelnejemiň hüwdi kysmy hiňlenmesine diň salýaryn. Gelnejemiň pessaýdan çykýan mahmal owazy häzirem ýadymda:

Öwezmyrat ÝERBENDI.