Aman bolsa altyn baş — dert bolar bizden daş

12 Aprel 2022
717

Bedenterbiýe bilen işjeň we her gün meşgullanmak umumy adam medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Sazlaşykly beden maşklary adamyň sagdyn bolmagyny üpjün edýär, ruhuny belende göterýär.

Çünki hereket — bu ýaşaýyşdyr, bedeniňi berkitmekdir. Şonuň üçin her bir adam ýaşyna garamazdan, hereketliligi endik edinse, öz öňünde goýan maksatlaryna ýeter. Maşk etmek, pyýada ýöremek, suwda ýüzmek, ylgamak, tigir sürmek bilen meşgullanmak ýaly gündelik hereketde bolmak sagdynlygy, işe ukyplylygy, adamyň immun ulgamyny (kesellere garşy ukybyny) berkidýär. Şunda dürli görnüşdäki hereketleriň hersiniň aýratyn täsiriniň bardygyny unutmaly däldir.

Gurbanjemal ARTYKOWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň lukmany.