Gözegçi robot synag edilýär

19 Aprel 2022
946

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Growmark» oba hojalyk kooperatiwi we «Solinftec» kompaniýasy emeli aň platformasyna esaslanýan nerw ulgamy ornaşdyrylan täze roboty synagdan geçirip başlady.

Robot ekin meýdanlarynda gözegçilik geçirip, ýokumlaryň ýetmezçiligi, haşal otlaryň emele gelmegi ýaly meseleleri ýüze çykarýar. Soňra ol ekinde dörän meseleler barada operatora habar berýär. Synaglaryň şu ýylyň ahyryna çenli dowam etmegine garaşylýar.

Aýna HOJAMOWA,
«Demirýollary» AGPJ-niň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň sanly ulgam boýunça hünärmeni.