Bioönümler ekinleriň goragynda

12 Aprel 2022
719

Oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmek işi köp ugurlaýyn hyzmatlary özünde jemleýär. Şolaryň biri-de, ekinlere zyýan berýän mör-möjeklere garşy göreşmekden ybaratdyr. Bu wajyp işiň wagtly-wagtynda geçirilmegi ekinleriň oňat ösüp, boý almagy we hasylynyň ygtybarly goralmagy üçin möhüm zerurlykdygy belli zat. Gubadag etrabyndaky etrabara «Dökünhimiýa» kärhanasyna degişli bolan biolaboratoriýalarda hem ýylyň-ýylyna degişli ugurdan uly işler alnyp barylýar. Bu kärhananyň etrabyň hojalyklarynyň birnäçesinde biolaboratoriýalary bar. Şolaryň biri-de, Gubadag etrap biofabrikasydyr. Kärhananyň işgärleriniň agzybirlikli zähmetleri netijesinde önüm saklanylýan tekjeler birlaý gözden geçirilip, zerur hasaplanylan ýerleri abatlanylyp, reňklenilmegi gazanyldy. Önümleri köpeltmek bilen birlikde, iýmitlendirmek üçin zerur bolan ätiýaçlyklaryň ýeterlikdigini hem bellemeli. Bu ýerde indi köp ýyllardan bäri tejribeli oba hojalyk işgärleri zähmet çekip gelýärler. Bu bolsa bioönümleri taýýarlamak we ekin meýdanlaryna bellenilen kadalara laýyk goýbermek işinde özboluşly täsirini ýetirýär.

Biofabrikanyň işgärleri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda — 2022-nji ýylyň gowaça meýilnamasy boýunça altyngözlijäniň 3150 million, trihogrammanyň 21000 gramyny, gabrobrakonyň 31500 million sanysyny taýýarlamakda yhlasly zähmet çekýärler. Munuň özi daýhanlar tarapyndan yhlas bilen ýetişdirilen bugdaýdyr gowaça hasylynyň ygtybarly goralyp saklanylmagynda ýokary netije berýär.

Ýagmyr HANGELDIÝEW,
TAP-nyň Gubadag etrap komitetiniň başlygy.