Oba we suw hojalygynda buldozeriň orny

12 Aprel 2022
807

Suw hojalygynda ýerine ýetirýän ýer işleriniň göwrümi boýunça buldozer esasy orny eýeleýär. Bu işlerde buldozere 40 göterim, bir susakly ekskawatora 26 göterim, skrepere 22 göterim, köp susakly ekskawatora 4 göterim, mehanizasiýanyň başga serişdelerine 8 göterim degişlidir. Bu olaryň gurluşynyň ýönekeýligi, işde ygtybarlylygy, topragy dürli şertlerde ulanmak mümkinçiligi, ýokary öndürijiligi bilen düşündirilýär.

Buldozer niýetlenilişi boýunça oýlar gazylanda we toprak toplumy göterilip galdyrylanda, suwarymly ýerler, oýlaryň düýbi we eňňitlikler tekizlenende, şeýle hem gurluşyk meýdançalarynda, ýollarda ýerler tekizlenende, bentlere, gaçylara, ýollaryň ugruna we tümmeklere getirilen topraklar düzlenende, gyrymsy uly agaçlardan we agaç köklerinden meýdançalar arassalananda, gurluşyk serişdelerini gazyp almakda we üýşürmekde, maýda däneli ürgün serişdeleri demir ýol platformalaryna ýükläp-düşürmekde, garlary arassalamakda, şeýle hem doly skreperleri itekleýji hökmünde ulanmaga, topragy gazmaga we uzak bolmadyk aralyklara daşamaga abzallaşdyrylan, öňüne süsgüç – işçi enjamy asylan zynjyrly ýa-da tigirli traktordyr.

Handurdy ORAZMUHAMEDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.