"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2022-nji ýylyň mart aýynyň 30-na bolmagyna garaşylýan HOWA MAGLUMATY

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +18... +20° maýyl bolar. Howanyň basyşy 739 mm, çyglylygy 30 — 50%. Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +9°, gündizine +22... +27°, kenarýaka etraplarynda +13... +18° maýyl bolar.

HOŞ HABAR

Ekologiýa hiç-hili zyýan ýetirmeýän iki tigirli ulagyň üstünde oturan ýeriňden ýetişibildigiňden onuň çarhlaryna bat berýärsiň. Tizligiň bolsa barha artyp barýar. Özüňi aýna ýaly tekiz ýoldan ýüzüp barýan mysaly duýýarsyň. Badyň gowşanok. Ümzügiň bolsa öňe, gollaryň berdaşlanyp, üznüksiz hereketlenýän aýaklaryň gujurlanyp, süňňüňe güýç-kuwwat inen ýaly has-da hyjuwlanýarsyň. Şol pursat özüňi ýelgamak deý ýeňil duýup, dem alyş ýollaryň giňäp, tükeniksiz lezzete berleniňi duýman galýarsyň. Bu lezzetli ulaga häzirki döwrüň dilinde WELOSIPED diýýärler. Welosipediň halkymyzyň durmuşynda uly ähmiýeti bar. Munuň bilen baglylykda, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 15-nji martynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habaryň gelip gowuşandygy halkymyzy diýseň begendirdi. Bu Kararnamanyň döredijileri bolup 62 sany döwlet çykyş etdi. Mundan başga-da, Baş Assambleýanyň ýokarda agzalan mejlisinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanyldy.

Aloe ― hem bezeg, hem melhem

Otag ösümligi hökmünde ulanylýan Aloe gülüni gadymy Müsürde ýaşaýyşyň nyşany diýip atlandyrypdyrlar. Aslynda, kaktusa meňzeş bu tikenli ösümlik diňe bir bezeg däl-de, iýmit we derman hökmünde hem ulanylýar. Bu gülüň aşgazan we deri keselleriniň bire-bir emidigi baryp 1935-nji ýylda amerikaly alymlar tarapyndan subut edildi. Ýeri gelende aýtsak, bu ösümlik halk lukmançylygynda hem giňden ulanylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Watanymyzyň mertebesi halkymyzyň mertebesidir!

19-njy martda paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Hemmämize mälim bolşy ýaly, 12-nji martda açyklyk, aýdyňlyk we giň bäsdeşlik esasynda, milli kanunçylyga hem-de umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda geçirilen Prezident saýlawlarynyň jemleri boýunça iň ýokary döwlet wezipesine saýlawçylaryň köp sanly seslerine mynasyp bolan Serdar Berdimuhamedow saýlandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşy

(Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 19-njy marty) Hormatly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy!Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary we deputatlar!Gadyrly watandaşlar!Hormatly myhmanlar!Hanymlar we jenaplar!

Däbimiz bar, dessurymyz bar

Her bir halkyň özüne mahsus milli däpleri, dessurlary bar. Dürli dabaralar bilen bagly berjaý edilýän dessurlar biziň halkymyzyň milli häsiýetlerini açyp görkezýär. Bu dessurlaryň ählisi dünýewi häsiýete eýe bolup, olarda türkmen halkynyň ynsanperwerligi, myhmansöýüjiligi, agzybirligi, şatlygyny tutuş il bilen paýlaşmak ýaly häsiýetleri ýüze çykýar. Nowruz gelse, semeniden dadylar

Hoş habaryň baýragy

Hoş habary getireni gowy garşylamak, oňa sylag-serpaý ýapmak dünýäniň halklarynda seýrek duş gelýän däpleriň biridir. Bu ýagdaý bilen bagly biziň halkymyzda özboluşly dessurlar berjaý edilýär. Söwda-satyga, argyşa giden kerwen sag-aman gaýdyp gelende, haç zyýaratyna, alys ýurda sapara gidenler salamat dolananlarynda, ogul-gyz çaga dünýä inende, ondan ilki habardar bolan adamlar bu hoş habary beýleki adamlara ýetirmäge howlugýarlar. Öňden gelýän däbe görä, adamlar hoş habary buşlap gelen adamy boş goýbermeýärler. Buşluk üçin süýji-kökeden, elýaglykdan başlap, köşekli düýä, bedew ata çenli baýraklar berilýär.

«Köp dogaýy salam aýdyň!»

Aýdyşlaryna görä, salamlaşmagyň düýp manysy birek-birege saglyk — salamatlyk dilemek bolup durýar. Salamlaşmak dünýä halklarynyň ählisinde diýen ýaly bolup, ol elleşmek, ikelläp görüşmek, baş egmek, baş atmak, eliňi götermek, dyzyňy epmek ýaly dürli-dürli gönüşde ýerine ýetirilýär. Bu dessur biziň halkymyzda dilden salam bermek, ikelläp görüşmek, eger ýaşmakly zenan maşgala bolsa, eglip salam bermek bilen berjaý edilýär. Halkymyzda ýaşkiçi ýaşula, bir adam köpçülige, atly pyýada salam bermek adata öwrülendir. Halkymyzda beýleki halklarda kän bir duş gelmeýän salam bilen bagly özboluşly bir dessur ýerine ýetirilýär. Oňa salam ibermek, ýollamak diýilýär. Bir adam özünden has uzakdaky maşgala agzasyna, dostuna, tanşyna gaýybana salam ýollap bilýär. Şol tarapa gidip barýan adamdan ýa-da ýöriteläp birini ugradyp, «Pylan ýerdäki pylana köp dogaýy salam aýdyň!» diýilýär.

Duz dadyp gidiň!

Türkmeniň öýüne barsaň, «Düşmeseňem, duz dadarsyň» diýen pähim aýdylýar. Bu ýöne ýere däl. Halkymyzda myhmany iň bir mukaddes zat hasaplanylýan duzdur çörek bilen garşylamak gözbaşyny juda uzaklardan alyp gaýdýan däpleriň biridir. Türkmen duzdan uly bolmagy, hödürlenen çörekden ýüz döndermegi juda agyr günä hasaplaýar. Myhman gelen bada öý eýesi onuň atyny tutýar. Atdan düşmegi, öýe girmegi mürähet edýär. Eger gelen myhman gyssanmaçdygyny aýdyp, habaryny bermäge rugsat sorasa, öý eýesi: «Onda duz dadyp gidiň!» diýip, öýe girýär-de, saçagy alyp, myhmana uzadýar. Myhman edep bilen çörekden azajyk döwüp alyp, agzyna salýar. Töwir edip, habaryny aýdýar.

«Oraza geldi haý bilen...»

Oraza aýynyň gelmegi bilen ýerine ýetirilýän bu dessur özboluşly baýramçylygy ýada salýar. Bu dessura görä, häzirki döwürde çagalar aýlanyp ýaremezan aýdýarlar. Ýaremezanlar şahyrana halk döredijiliginiň bir görnüşi bolup durýar. Ýaremezanlar baýramçylyk şowhunly, degişme, ýomak häsiýetlidir:

At tutmak dessury

Türkmen halkynyň geçmişinde berjaý edilen bu dessur myhmana hormat goýmak bilen bagly bolup, halkyň myhmansöýerlik däbinden gelip çykýar. Bu dessur adatça şeýle beýan edilýär. Öý eýesi myhmany daşarda garşylaýar. Salamlaşylandan soňra atyň uýanyndan tutup, gelen adama düşüp myhman bolmagy teklip edýär. Eger gelen myhman habaryny at üstünden berip giderli bolmasa, atyň uýanyny öý eýesine berip, atdan düşýär. Öý eýesi myhmanyň atyny gazyga baglap gelýär. Soňra myhmanyň öňüne düşüp, öýe girizýär. Myhmanyň oturjak ýerine täze haly, keçe düşelýär. Saçak ýazylýar. Soňra öý eýesi daşary çykyp, myhmanyň atynyň aladasyny edýär ýa-da ata seretmegi — suw, ot-iým bermegi ogluna buýurýar.

Ýer eýesi (hekaýa)

— Geçip barýardym-da, seni gowaçalaryň arasynda görenimden soň, sowulaýdym — diýip, ýaňy elliniň eýwanyndan jyklan, uzyndan eginlek pyýada Taňry salamyny dile getirdi — Neneň, onsoň, ýagdaýlar ýagşymy, Pirnepes kärendeçi? Pirnepes Ilşat ogly açyk göwünlilik bilen jogap berdi:

Saglyk — baýlyk

Saglygyny goramadyga hassalyk daş däl. Jany saga kynçylyk ýok.

Gyzyl banan

Gyzyl bananyň möhüm artykmaçlygy tagamyndadyr. Onuň miwesi has ýumşak we şirelidir. Bu miwäniň watany Meksika. Banan bişmänkä, gök wagty kesilýär we onuň düzüminde karatinoidleriň bolmagy sebäpli wagtyň geçmegi bilen gyzyl reňke boýalýar. Ol dürli keselleri bejermekde giňden ulanylýar. Aýratyn-da, aşgazan keselinden ejir çekýänlere iýmek maslahat berilýär. Mundan başga-da, ol aşgazanda çalt özleşýär. Gyzyl bananyň düzüminde beta-karotin barlygy sebäpli, düwnük we ýürek kesellerinden gorap bilýär. Bu miwäni yzygiderli iýmit hökmünde ulanmak süýji keselinden, böwrek kesellerinden goraýar. Bulardan başga-da, bananyň düzüminde adamyň saglygy üçin oňyn täsir edýän maddalar bar. Şeýle hem ol bedendäki madda alyş-çalşygyny gowulandyrýar, iç gatamanyň öňüni alýar. Miwäniň bu görnüşiniň düzüminde gipoallergen bar, şonuň üçin olary çagalaryň goşmaça iýmitlerine adatdakysyndan has ir goşup bolýar. Mysal üçin, banan üwmeji hökmünde peýdalanyp bolar.

Awstriýanyň kompaniýasy arap sähralyklaryny ekinzarlyga öwürmäge gatnaşýar

Awstriýanyň «San Group« kompaniýasy ýaşyl wodorod öndürýän zawodyň, balyk hojalygynyň we ýyladyşhana toplumynyň gurluşygy üçin Ras Al-Haýma ýörite ykdysady zolagyny (Birleşen Arap Emirlikleri) saýlap aldy. Bu taslama üçin 3,3 million dollar maýa goýlar. Täze taslamanyň çäginde kompaniýa ýurduň dükanlarynyň zerurlygy üçin balyk hojalygyny döretmegi maksat edinýär. Bu önümçiligiň galyndylaryny bolsa ýyladyşhana toplumynda dökün hökmünde ulanar. «San Group-yň» taslamalarynyň arasynda bu ýerde suw süýjediji desgany gurmak hem bar.

Dünýä halklaryny dostlaşdyrýan Şadiwan

Döwlet Baştutanymyzyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitaby rus we iňlis dillerine terjime edildi 14-nji martda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň rus we iňlis dillerinde neşir edilen «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Halk häkimiýetliliginiň belent nusgasy

Halkymyzda mukaddes saýylýan birnäçe ebedi gymmatlyklar bar. Biz şol mukaddeslikleri başymyzyň täjine deňäp, olary ýüregimiziň köňül senasyna öwürdik. Durmuşymyzyň gönezligi, ýaşaýşymyzyň özeni hökmünde müdimi sarpaladyk. Biz şolaryň jandan eziz görülýänine, elmydama öňünde baş egip, dyzyňy epilýänine, ýürek gürsüldimize Watan diýýäris! Bu ömrümiziň örki bolan mukaddeslik hiç bir altyn-zere alyp bolmaýan, hiç bir zat bilen çalşylmaýan, bize ak säheriň asuda daň atmasyny, günlerimiziň parahatlyk bilen ýaşmasyny bagyş edýär. Heý, şundan uly gymmatlyk barmy?! Belent maksatlary hemra edinip, öňe ilerleýän Watanyň durmuşyndaky wakalara ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşlynyň dahylly bolmagy, onuň ykbaly bilen bagly syýasy-jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmagy — ähli kişiniň deňhukukly derejesine uly orun berilmegidir. Hemmämize mälim bolşy ýaly, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda eziz Watanymyzda — Türkmenistanda Prezident saýlawlary geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň görkezmesi bilen, bu syýasy çäre örän guramaçylykly, toý ruhunda dabaralandy. Bu toýlara şaýat bolmak bagtyna eýe bolanlaryň hatarynda bolmagyň özi hem ýene durmuşyňa bagt gatýar. Ýatdan çykmajak pursatlary bilen aňymyza möhürlenýär.

Tokaýlaşdyrmagyň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda döredilýän emeli tokaý zolaklarynda ekilýän sosna, arça, tuýa, ak akasiýa, derek, söwüt we dub agaçlary fitonsid maddasyny bölüp çykarýarlar. Bu madda adamyň we haýwanlaryň saglygyna zyýan berýän keselleriň mikroorganizmlerini hem-de bakteriýalaryny ýok etmek hasiýetine eýedir. Alymlaryň pikiriçe, pürli agaçlaryň tokaýlygynda kesel dörediji bakteriýalar saýaly agaçlaryň tokaýlygyndan 2 esse az bolýar. Mysal üçin, bir gektara ekilen arçalar gije-gündiziň dowamynda 30 kilograma golaý fitonsid bölüp çykarýarlar. Sosnanyň bölüp çykarýan fitonsidi inçekeseli dörediji bakteriýany ýok edýär. Gara derek özünden köp kislorody bölüp çykarýan agaç hasaplanýar. Ol örän çalt ösýär hem-de bir ýylyň dowamynda 100 kub kislorody bölüp çykarmak ukybyna eýedir. Hasaplamalara görä, gara deregiň ösüş döwründe bölüp çykarýan kislorodynyň möçberi tutuş gury agramyndan 1,32 esse, şeýle hem onuň gury agramyndan howadan sorup alýan kömürturşy gazynyň agramy 1,82 esse köpdür. Şeýle hem gara derek howanyň ýere golaý gatlagynyň arassalanmagyna ýardam edýär. Ol 35 metr beýiklige çenli ösýär hem-de 300 ýyla golaý ýaşaýar. Bu agajyň kölegesiniň salkynlygy howanyň yssy wagtyndakydan 20 göterim pes bolýar.

Döwürleriň soltany sen, ak bugdaý!

Türkmen halkynyň döreden milli gymmatlyklarynyň, däp-dessurlarynyň içinde türkmeniň ak bugdaýy, mele-myssyk çöregi bilen baglanyşykly taryhy hakykat, rowaýatdyr hekaýat, däp-dessur we yrym-ynançlar örän köp. «Bugdaýdyr çörek haçan, nirede, nähili döräpdir?» diýen sowallara jogap tapmak üçin ylmy eserlere-de, rowaýatlara-da, däp-dessurlara-da salgylanmaly bolýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Türkmenistan — irki ekerançylyk we şäher medeniýetiniň Watany» diýip, örän ýerlikli belleýär. Sebäbi Türkmenistanyň ýerlerinde ekerançylyk medeniýetiniň gadymylygyna, daýhançylygy onuň ilatynyň giňden meşgullanan kärlerine öwrendigine ylmy barlaglar we milli mirasymyzyň maglumatlary şaýatlyk edýär. Müňlerçe ýyl mundan ozal, Türkmenistanyň çäginde ýaşan gadymy adamlar bugdaýyň ýabany tohumlaryny ekmäge synanyşypdyrlar. Baryp, miladydan öňki VII — V müňýyllyklara degişli bolan Jeýtun medeniýeti döwründe ilat düme görnüşinde bugdaý ösdürip ýetişdiripdir. Muňa Jeýtun medeniýetiniň oturymly ýerleriniň ählisinden däne arassalaýjy enjamlaryň, agaçdan ýasalan oraklaryň we däneleriň galyndysynyň tapylmagy şaýatlyk edýär.

Ykbalyny topraga baglan

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň «Gyzylaýak» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Güljemal Ýolbarsowa ene toprakdan bol hasyl almagyň inçe syrlaryny obanyň tejribeli daýhanlaryndan öwrenip, indi 26 ýyldan bäri halal zähmeti bilen «ak altynyň» bol hasylyny ýetişdirip gelýär. Ol Artykguly Hojagulyýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 4-nji kärendeçiler toparynyň ökde öňdebaryjy kärendeçileriniň biri hasaplanylýar. Kärendeçi zenan 3 gektar ýerden 2019-njy ýylda 8 tonna 700 kilogram pagtanyň deregine 10 tonna 130 kilogram, 2020-nji ýylda 9 tonna pagtanyň deregine 13 tonna 700 kilogram, 2021-nji ýylda 9 tonna pagtanyň deregine 11 tonna 40 kilogram ýokary hilli pagta hasylyny watan harmanyna tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamasyny ýylyň-ýylyna artygy bilen ýerine ýetirip gelýär. — Biziň şeýle zähmet üstünliklerine ýetmegimiziň özeninde hormatly Prezidentimiziň daýhanlara berýän kömek-goldawlary bar. Kärendeçi daýhanlaryň ýokary hasyl almaklary üçin olar kuwwatly tehnikalardyr zerur serişdeler bilen doly üpjün edilýär. Bu zatlar bolsa her birimizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar, göwnümizi ganatlandyrýar – diýip, kärendeçi Güljemal Ýolbarsowa ýürek buýsanjyny paýlaşdy.