HOŞ HABAR

26 Mart 2022
1045

Ekologiýa hiç-hili zyýan ýetirmeýän iki tigirli ulagyň üstünde oturan ýeriňden ýetişibildigiňden onuň çarhlaryna bat berýärsiň. Tizligiň bolsa barha artyp barýar. Özüňi aýna ýaly tekiz ýoldan ýüzüp barýan mysaly duýýarsyň. Badyň gowşanok. Ümzügiň bolsa öňe, gollaryň berdaşlanyp, üznüksiz hereketlenýän aýaklaryň gujurlanyp, süňňüňe güýç-kuwwat inen ýaly has-da hyjuwlanýarsyň. Şol pursat özüňi ýelgamak deý ýeňil duýup, dem alyş ýollaryň giňäp, tükeniksiz lezzete berleniňi duýman galýarsyň. Bu lezzetli ulaga häzirki döwrüň dilinde WELOSIPED diýýärler. Welosipediň halkymyzyň durmuşynda uly ähmiýeti bar.

Munuň bilen baglylykda, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 15-nji martynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habaryň gelip gowuşandygy halkymyzy diýseň begendirdi. Bu Kararnamanyň döredijileri bolup 62 sany döwlet çykyş etdi. Mundan başga-da, Baş Assambleýanyň ýokarda agzalan mejlisinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanyldy.

«Bereketli toprak».