Gyzyl banan

22 Mart 2022
711

Gyzyl bananyň möhüm artykmaçlygy tagamyndadyr. Onuň miwesi has ýumşak we şirelidir. Bu miwäniň watany Meksika. Banan bişmänkä, gök wagty kesilýär we onuň düzüminde karatinoidleriň bolmagy sebäpli wagtyň geçmegi bilen gyzyl reňke boýalýar. Ol dürli keselleri bejermekde giňden ulanylýar. Aýratyn-da, aşgazan keselinden ejir çekýänlere iýmek maslahat berilýär. Mundan başga-da, ol aşgazanda çalt özleşýär. Gyzyl bananyň düzüminde beta-karotin barlygy sebäpli, düwnük we ýürek kesellerinden gorap bilýär. Bu miwäni yzygiderli iýmit hökmünde ulanmak süýji keselinden, böwrek kesellerinden goraýar. Bulardan başga-da, bananyň düzüminde adamyň saglygy üçin oňyn täsir edýän maddalar bar. Şeýle hem ol bedendäki madda alyş-çalşygyny gowulandyrýar, iç gatamanyň öňüni alýar.

Miwäniň bu görnüşiniň düzüminde gipoallergen bar, şonuň üçin olary çagalaryň goşmaça iýmitlerine adatdakysyndan has ir goşup bolýar. Mysal üçin, banan üwmeji hökmünde peýdalanyp bolar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Oguljemal BATYROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.