Döwürleriň soltany sen, ak bugdaý!

15 Mart 2022
859

Türkmen halkynyň döreden milli gymmatlyklarynyň, däp-dessurlarynyň içinde türkmeniň ak bugdaýy, mele-myssyk çöregi bilen baglanyşykly taryhy hakykat, rowaýatdyr hekaýat, däp-dessur we yrym-ynançlar örän köp. «Bugdaýdyr çörek haçan, nirede, nähili döräpdir?» diýen sowallara jogap tapmak üçin ylmy eserlere-de, rowaýatlara-da, däp-dessurlara-da salgylanmaly bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Türkmenistan — irki ekerançylyk we şäher medeniýetiniň Watany» diýip, örän ýerlikli belleýär. Sebäbi Türkmenistanyň ýerlerinde ekerançylyk medeniýetiniň gadymylygyna, daýhançylygy onuň ilatynyň giňden meşgullanan kärlerine öwrendigine ylmy barlaglar we milli mirasymyzyň maglumatlary şaýatlyk edýär. Müňlerçe ýyl mundan ozal, Türkmenistanyň çäginde ýaşan gadymy adamlar bugdaýyň ýabany tohumlaryny ekmäge synanyşypdyrlar. Baryp, miladydan öňki VII — V müňýyllyklara degişli bolan Jeýtun medeniýeti döwründe ilat düme görnüşinde bugdaý ösdürip ýetişdiripdir. Muňa Jeýtun medeniýetiniň oturymly ýerleriniň ählisinden däne arassalaýjy enjamlaryň, agaçdan ýasalan oraklaryň we däneleriň galyndysynyň tapylmagy şaýatlyk edýär.

Aýna GURBANGULYÝEWA,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy.