Awstriýanyň kompaniýasy arap sähralyklaryny ekinzarlyga öwürmäge gatnaşýar

16 Mart 2022
658

Awstriýanyň «San Group« kompaniýasy ýaşyl wodorod öndürýän zawodyň, balyk hojalygynyň we ýyladyşhana toplumynyň gurluşygy üçin Ras Al-Haýma ýörite ykdysady zolagyny (Birleşen Arap Emirlikleri) saýlap aldy. Bu taslama üçin 3,3 million dollar maýa goýlar.

Täze taslamanyň çäginde kompaniýa ýurduň dükanlarynyň zerurlygy üçin balyk hojalygyny döretmegi maksat edinýär. Bu önümçiligiň galyndylaryny bolsa ýyladyşhana toplumynda dökün hökmünde ulanar. «San Group-yň» taslamalarynyň arasynda bu ýerde suw süýjediji desgany gurmak hem bar.

Zamira ÇARYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.