Duz dadyp gidiň!

22 Mart 2022
650

Türkmeniň öýüne barsaň, «Düşmeseňem, duz dadarsyň» diýen pähim aýdylýar. Bu ýöne ýere däl. Halkymyzda myhmany iň bir mukaddes zat hasaplanylýan duzdur çörek bilen garşylamak gözbaşyny juda uzaklardan alyp gaýdýan däpleriň biridir.

Türkmen duzdan uly bolmagy, hödürlenen çörekden ýüz döndermegi juda agyr günä hasaplaýar. Myhman gelen bada öý eýesi onuň atyny tutýar. Atdan düşmegi, öýe girmegi mürähet edýär. Eger gelen myhman gyssanmaçdygyny aýdyp, habaryny bermäge rugsat sorasa, öý eýesi: «Onda duz dadyp gidiň!» diýip, öýe girýär-de, saçagy alyp, myhmana uzadýar. Myhman edep bilen çörekden azajyk döwüp alyp, agzyna salýar. Töwir edip, habaryny aýdýar.

Taýýarlan Şöhrat ABDYÝEW.
Suraty düşüren Ilaman Çüriýew.