"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Bir baldakda 1269 sany pomidor

«Beýik Britaniýanyň ýaşaýjysy bir baldakda ýetişdirilen pomidorlaryň sany boýunça dünýä rekordyny täzeledi» — diýlip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär. Hartfordşirden bolan Duglas Smit öz bakjasynda birbada 1269 sany çerri pomidory düwen baldagy gördi. Ol mundan birnäçe hepde öň şahsy rekordyny täzeledi, şonda onuň bakjasynda bir baldakda 839 sany pomidor düwüpdi. Mundan öňki rekord on ýyllap bir baldakda 488 sany pomidor bilen saklanyp gelipdi.

Saglyk — baş baýlyk

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Gadyrly okyjylar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe neşir edilýän «Bereketli toprak» hepdelik gazetiniň çap görnüşine 2022-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin abuna ýazylyşygynyň başlanandygyny habar berýäris. Redaksiýanyň agzybir işgärleri hormatly Prezidentimiziň  öňe sürýän döwletli başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginiň barşynda ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda gazanylýan üstünlikleri, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanyşy, obalardyr etraplaryň abadanlaşdyrylyşy baradaky täsirli makalalary, habarlary we suratlary gyzgyny bilen okyjylara ýetirmäge çalyşýarlar. «Bereketli toprak» gazeti siziň ýakyn maslahatçyňyzdyr. Onuň bilen her hepdede duşuşmak üçin gazetiň abunaçysy boluň! Gazetiň abuna ýazylyşygynyň indeksi — 69508. Gazetiň ýarym ýyllygynyň bahasy 7 manat 80 teňňe. Abuna ýazylyşyk «Türkmenpoçtanyň» ýerlerdäki kärhanalarynda geçirilýär.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2022-nji ýylyň aprel aýynyň 06-na bolmagyna garaşylýan HOWA MAGLUMATY

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +14... +16°, gündizine +24... +26° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 25 — 45%. Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-günbatardan tizligi sekuntda 8-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +9... +14°, gündizine +22... +27°, kenarýaka etraplarynda +12... +17° maýyl bolar.

Türkmen-hindi dost-doganlyk gatnaşyklary barha berkeýär

Hemmämize mälim bolşy ýaly, Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrýar. Doganlyk ýurduň döwlet Baştutanynyň ýurdumyza bu ilkinji taryhy saparydyr. Bu saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklar geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde bilelikdäki deňhukukly hyzmatdaşlygyň netijesinde ösüşiň täze basgançaklary kesgitlendi. Iki halklaryň bähbidine laýyk gelýän açyklyk we özara düşünişmek esasynda geçirilen gepleşikler halklaryň durmuşynda taryhy özgertmelere badalga berdi.

Ýurdumyzda ýaz ekişi gyzgalaňly dowam edýär

28-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzy we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň wajyp meselelerine garaldy. Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda ilki bilen, göni aragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowy çagyrdy.

Ýollar bolsun, belent menzile sary!

Döwletliler owal ile baş bolar,Işleň rowaç bolsun hem öňe sary!Toý gününde göwün galkyp, guş bolar,Gadamlarmyz täze günlere sary! Zähmet ýeňşi, buşluk sözi kän bolsun,Watan bu gursakda şirin jan bolsun,Halkyň Serdaryna şöhrat-şan bolsun, Ýollar bolsun, belent menzile sary!

Tohumyňyz müňlesin, edermen daýhanlar!

Ýaz paslynyň gelmegi bilen, ylaýta-da, Nowruz baýramyndan soň, ýurdumyzyň ähli künjeginde mele toprakdan rysgyny alýan daýhanlarymyz ýaz ekişine girişýärler. Ynha, geçen hepdäniň çarşenbe güni hem ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda hormatly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen gowaça ekilişine badalga berildi. Bu gün bolsa bu asylly işiň düýbi Daşoguz welaýatynda tutular. Geçen hepdäniň şeýle şatlykly gününde gazetimiziň habarçylary-da ekişe badalga berlen meýdanlarda geçirilen dabaralara gatnaşyp, zähmetsöýer kärendeçiler bilen duşuşyp, olaryň ýürek buýsançlaryny redaksiýamyza ýolladylar.

Ussat halypanyň şägirtleri

Sungat ussatlarynyň biri-de dessançy bagşy Öre Mätgeldiýewdir. Bu bagşynyň tutuş maşgalasy halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirýär. Ol özüniň bagşyçylyk tejribesini kakasy, Türkmenistanyň halk bagşysy Bally Mätgeldiýewden aldy. Bally halypa saz çalmagy kakasy Mätgeldi gyjakçydan öwrenip başlaýar. Oglunyň ukybynyň bardygyny duýan Mätgeldi aga ony Magtymguly Garlyýewe şägirtlige berýär we ol Çuwal bagşynyň ussat şägirtleriniň biri bolup ýetişýär. Halypa bagşynyň maşgalasynda ogullarydyr gyzlarynyň ählisi sungat ýolunda zähmet çekýärler. Halypanyň ogly dessançy bagşy Öre Mätgeldiýew hem halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek ugrunda özüniň halypalardan öwrenen ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmaýar. Onuň ýetişdiren şägirtleri häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde diýen ýaly bu ugurda zähmet çekýärler. Halypanyň şägirtlerinden «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň «Altyn menzil» aýdym-saz toparynyň saz ýolbaşçysy Aýna Mämedowa, Akdepe etrabyndaky çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň aýdym-saz gurnagynyň gurnak ýolbaşçysy Nazarmät Tirkeşmedow, Akdepe etrabynyň 1-nji orta mekdebinde aýdym-saz mugallymy Nury Nuryýew dagy Öre aganyň ýoluny dowam etdirýärler. Gyzy Laçyn Mätgeldiýewa bolsa, etrabyň çagalar sungat mekdebinde ýaş nesillere bagşyçylyk hünärinden bilim berýär.

Sanlylaşdyrylan tehnikalar

Ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly önümçiligi ýola goýmak beýleki pudaklar bilen bir hatarda oba hojalyk ulgamynda hem güýçli depginde alnyp barylýar. Obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy bolsa, bu pudagy özgertmegiň esasy ugurlarynyň biridir. Şonuň netijesinde pudagyň tehniki binýadyny meşhur daşary ýurt önüm öndürijileriniň – «Case», «New Holland», «John Deere», «Claas» we beýleki kompaniýalaryň iň täze, ýokary öndürijilikli döwrebap, kuwwatly tehnikalary hem-de enjamlary tutýar. Döwletimiz innowasion esasda inžener-tehniki üpjünçilik meselelerini çözüp, iň kämil tehnikalary satyn almak bilen, önümleriň öndürilýän möçberini durnukly, şol sanda agrotehniki çäreleri amatly möhletlerde we ýokary hilli geçirmegiň hasabyna artdyrmak üçin ähli şertleri döredýär. Biziň agrosenagat orta hünär okuw mekdebimizde hem oba hojalyk ulgamyna döwrebap sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we olaryň ulanylyşy barada talyplaryň alýan bilimlerini tejribeler arkaly berkitmeklerine uly üns berilýär. Bu günki gün türkmen ýaşlary innowasion özgertmelere işjeň gatnaşyp, täze tehnologiýalary döretmekde öz ukyp-başarnyklaryny görkezmäge çalyşýarlar.

Gök önümler bol bolar

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan gök we miwe önümleri ýetişdirilýän ýyladyşhananyň zähmetsöýer işgärleri geçen möwsümde 400 tonnadan gowrak pomidor hasylyny ýygnap, diňe bir Balkan welaýatynyň çäginde däl, eýsem, paýtagtymyz Aşgabadyň we Mary welaýatynyň hem ak bazarlarynda ilatymyza elýeterli bahalardan hödürlemegi başardylar. Bulardan başga-da, bu ýerde ýetişdirilen hasylyň bir bölegi Russiýa Federasiýasyna we Gazagystan Respublikasyna hem eksport edildi. Häzirki wagtda ýyladyşhanada «reňkli bolgar» diýlip atlandyrylýan süýji burçuň bol hasyly ýetişdirilýär. Eýýäm bu islegli önümiň 40 tonnadan gowragy ak bazarlarymyzda ýerlenip, ilatymyzyň bereketli saçaklaryny bezedi.

Bu günki işiňi ertä goýma

Ýaz paslynda möhüm işleriň biri bolan tagt suwuny tutmak işi başlanýar. Tagt suwuny tutmak bilen tohumlaryň doly gögermegine, ýaşajyk gowaçalaryň kadaly ösüp, boý almagyna, gunçalap başlaýança suwdan kösenmezligine şert döredilýär. Tagt suwy tutulyp başlananda, ekiş ýerleriniň toprak düzümi, şorluk derejeleri göz öňünde tutulmalydyr. Agyr toýunly topragy bolan meýdanlarda ekişden 20-25, toýunsow toprakly meýdanlarda 15-20, ýeňil toprakly meýdanlarda hem 10-15 gün öň tagt suwy tutulyp başlanýar. Gowaça ekişi gerişlerde geçirilýän Ahal, Mary we Balkan welaýatlarynda bu döwür 5-7 gün gysgaldylýar. Bu döwrüň gysgaldylmagy tagt suwunyň ekiş joýalary arkaly tutulýandygy, joýalar arkaly suwarylan meýdanlarda suwuň az sarp edilýändigi, çalt siňýändigi we ýeriň basym taba gelýändigi bilen baglydyr. Topragyň duzlulyk derejesi ýokarrak bolan meýdanlarda tagt suwuny ir başlamak maslahat berilýär. Çünki howanyň gyzmagy bilen duzlaryň tohuma täsir ediş derejesi hem güýçlenýär. Tagt suwunyň netijeliligi ekiş geçiriljek meýdanlaryň tekizligine hem köp derejede baglydyr. Ekişiň öňünçäsi geçirilýän agrotehniki işler gowaça ekiljek meýdanlaryň yzgarlylygyny talabalaýyk saklamaga, keseksiz, ýumşak toprak gatlagyny döretmäge, suwdan soň gögeren haşal otlaryň ýok edilmegine gönükdirilendir. Şeýle hem ýuwuş we tagt suwlarynyň tutulmagy netijesinde sürüm gatlagyndan aşak düşürilen zyýanly we z

Ekerançylygyň siwilizasiýasy

Jeýtunlylaryň oturymly ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgul bolan döwründe dünýäniň köp böleginde adamlar ýabany ösümlikleri ýygnamak, aw awlamak bilen meşgul bolupdyrlar. Taryh ylmynda «Jeýtun medeniýeti» ady bilen ykrar edilen taryhy-medeni ýadygärlik diňe medeni ojaklaryň biri bolman, eýsem, gündogar siwilizasiýalarynyň içinde iň naýbaşylarynyň biri bolup, ilatyň oturymlaşan, ilkinji binagärlik sungatynyň ýüze çykan ýeri hökmünde hem aýratyn gymmatlydyr. Bu ýerde her biriniň meýdany 25-den 45 inedördül metre golaý bolan 30 töweregi ýaşaýyş jaýlary bolupdyr. Jeýtunda ýaşaýyş jaýlarynyň 5 gezek gaýtadan dikeldilmegi, ol ýerde ýaşaýşyň uzak wagtlap dowam edendigine şaýatlyk edýär.

«Saýraý-saýraý suwa geler käkilik...»

Şahyr Geldi Bäşiýewiň: «Arzuw eýläp çyksaň belent daglara, sabry-kararyňy alar käkilik» diýip, waspyny ýetiren käkilik guşy türkmen tebigatynyň gözelligine gözellik goşýan guşlaryň biridir. «Maral käkiligi» diýlip, atlandyrylan bu guş «Bathyz» döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde has köp duş gelýär. Käkilikler beýleki guşlar ýaly, adamlary gören dessine uçup gitmeýärler. Kähalatlarda pisse tokaýlygynda golaýyna birki ädim galanynda uçup gidýänleri hem gabat gelýär. Käkilikleriň köp duş gelýän wagty tomus aýlarynda howanyň yssy döwürleridir. Suwly çeşmeleriň boýuna gelýän käkilikleriň sanlarynyň 140-150-ä golaý ýeten döwrüniň hasaba alnan wagtlary hem boldy. Goraghanada 2020-nji ýylda käkilikleriň 1600-den gowragy, 2021-nji ýylda bolsa, 2000-den gowragy hasaba alyndy.

Şygryýet älemi

Bagt mukamy Ýadymda henizem şol Aýly gije,Ol gün meniň üçin üýtgeşik gündi.Çünki Aý arşda däl, meniň garşymda,Bagtym bolup gözlerime göründi.

«Ol ekindir, ýaşyl-gyzyl öwüsýän...»

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy durmuşyň islendik ugruna degişli goşgulara, parasatly setirlere, jaýdar jümlelere, nakyla öwrülen sözlere baý. Beýik akyldaryň paýhaslar hazynasy dürli ugurlar bilen bir hatarda, «bijanlara jan berýän» ýagyş-ýagmyr, akar suw, ekin-dikin hakda hem gymmaty egsilmejek hikmetli setirleriň gorudyr. «Kadyr Alla, dökgün rahmet-barany», «Akarda suw ýa öserde ýel bolgul», «Ýagmyr bilen ýer gögär», «Asmandan nur ýagsa, minewwer bolar» diýip, suwy, ýagyş-ýagmyry adamzat ähliniň baş zerurlygynyň biri, eklenjiniň medetkäri hasaplan ussadyň şu setirleri halk durmuşynda nakyla öwrülipdir.

Otag otaýan robot

Indi oba hojalyk pudagynda, aýratynam, ýakyn geljekde ekerançylykda adam zähmetiniň ýerini tutýan robotlar kem-kemden ornaşdyrylsa gerek. Muňa oba hojalygy üçin ýörite robotlaşdyrylan tehnikalaryň işleýişlerini synlanyňda-da, göz ýetirmek bolýar. Munuň üçin agrosenagat toplumlarynyň meýdan işlerine degişli bolan we bu babatdaky hyzmatlary öz içine alýan robotlary görkezmek bolar. Şeýle robotlaryň biri hem haşal otlara garşy göreşýän «Ecorobotix» robotydyr. GPS hem-de datçikler bilen üpjün edilen bu robotyň daşky görnüşi tennis stolyny ýadyňa salýar. Ol özünde ornaşdyrylan kameralar arkaly haşal otlary medeni ekinden tapawutlandyryp bilýär. Ol ekiniň içinden ýöräp barşyna haşal oty belleýär we onuň düýbüne haşal otlara garşy himiki serişde bolan gerbisidiň az mukdaryny pürkýär. Bu işler robot arkaly 2-3 gezek gaýtalanylanda, ekin meýdanlaryna sepilýän gerbisidiň gereginden artyk ulanylmagynyň öňi alynýar.

Howany arassalaýan mehaniki «agaç»

ABŞ-nyň Arizona ştatyndaky uniwersitetiň professory Klaus Lakner howadaky kömürturşy gazyny sorýan mehaniki «agajy» oýlap tapdy. Lakneriň bu oýlap tapan «agajy» üst-üste goýlan disklerden ybarat bolup, diskler guryka howadaky kömürturşy gazyny sorýar, nemlenende bolsa, olary daşary çykarýar. «Agajyň» içinden daşary üflenen howa disklerdäki öýjükler tarapyndan gaýtadan ýene sorulýar. Professoryň pikirine görä, bu oýlanyp tapylan gural arkaly beýleki ekoenjamlaryna garanda, has az mukdarda energiýa we çykdajy sarp edip bolýar.

Düzgünleri ünsden düşürmäliň!

Mähriban ildeşler! Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy gündelik durmuşda gerek bolan elektrik-gaz enjamlaryny talabalaýyk gurnamagy, ulanmagy we ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň käbir kadalaryny ýatladýar. Gazyň ysy otagda duýlan halatynda, ony ulanmagy bes edip, gaz geçirijiniň nurbatyny ýapyp, penjireleridir gapylary açyp, otagyň içini şemallatmaly. Şol pursatda açyk otdan peýdalanmakdan, ýanyp duran elektrik çyrany öçürip-ýakmakdan saklanyp, Gaz howpsuzlyk gullugyna «04» ýa-da el öýjükli telefonyndan «004» belgä habar bermeli.

Saglyk — baýlyk

Saglyk — bu hemme zat däl, ýöne hiç bir zat saglyksyz netijeli däldir. Sport — sagdynlyk, sport — gözellik, sport, bir söz bilen aýdanyňda, ýaşaýyşdyr.