Tohumyňyz müňlesin, edermen daýhanlar!

29 Mart 2022
803

Ýaz paslynyň gelmegi bilen, ylaýta-da, Nowruz baýramyndan soň, ýurdumyzyň ähli künjeginde mele toprakdan rysgyny alýan daýhanlarymyz ýaz ekişine girişýärler. Ynha, geçen hepdäniň çarşenbe güni hem ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda hormatly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen gowaça ekilişine badalga berildi. Bu gün bolsa bu asylly işiň düýbi Daşoguz welaýatynda tutular. Geçen hepdäniň şeýle şatlykly gününde gazetimiziň habarçylary-da ekişe badalga berlen meýdanlarda geçirilen dabaralara gatnaşyp, zähmetsöýer kärendeçiler bilen duşuşyp, olaryň ýürek buýsançlaryny redaksiýamyza ýolladylar.