Sanlylaşdyrylan tehnikalar

29 Mart 2022
743

Ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly önümçiligi ýola goýmak beýleki pudaklar bilen bir hatarda oba hojalyk ulgamynda hem güýçli depginde alnyp barylýar. Obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy bolsa, bu pudagy özgertmegiň esasy ugurlarynyň biridir. Şonuň netijesinde pudagyň tehniki binýadyny meşhur daşary ýurt önüm öndürijileriniň – «Case», «New Holland», «John Deere», «Claas» we beýleki kompaniýalaryň iň täze, ýokary öndürijilikli döwrebap, kuwwatly tehnikalary hem-de enjamlary tutýar. Döwletimiz innowasion esasda inžener-tehniki üpjünçilik meselelerini çözüp, iň kämil tehnikalary satyn almak bilen, önümleriň öndürilýän möçberini durnukly, şol sanda agrotehniki çäreleri amatly möhletlerde we ýokary hilli geçirmegiň hasabyna artdyrmak üçin ähli şertleri döredýär.

Biziň agrosenagat orta hünär okuw mekdebimizde hem oba hojalyk ulgamyna döwrebap sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we olaryň ulanylyşy barada talyplaryň alýan bilimlerini tejribeler arkaly berkitmeklerine uly üns berilýär. Bu günki gün türkmen ýaşlary innowasion özgertmelere işjeň gatnaşyp, täze tehnologiýalary döretmekde öz ukyp-başarnyklaryny görkezmäge çalyşýarlar.

Ahmetjan HASANOW,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.