Howany arassalaýan mehaniki «agaç»

29 Mart 2022
719

ABŞ-nyň Arizona ştatyndaky uniwersitetiň professory Klaus Lakner howadaky kömürturşy gazyny sorýan mehaniki «agajy» oýlap tapdy. Lakneriň bu oýlap tapan «agajy» üst-üste goýlan disklerden ybarat bolup, diskler guryka howadaky kömürturşy gazyny sorýar, nemlenende bolsa, olary daşary çykarýar. «Agajyň» içinden daşary üflenen howa disklerdäki öýjükler tarapyndan gaýtadan ýene sorulýar.

Professoryň pikirine görä, bu oýlanyp tapylan gural arkaly beýleki ekoenjamlaryna garanda, has az mukdarda energiýa we çykdajy sarp edip bolýar.

Maksat TAGANOW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.