Otag otaýan robot

29 Mart 2022
780

Indi oba hojalyk pudagynda, aýratynam, ýakyn geljekde ekerançylykda adam zähmetiniň ýerini tutýan robotlar kem-kemden ornaşdyrylsa gerek. Muňa oba hojalygy üçin ýörite robotlaşdyrylan tehnikalaryň işleýişlerini synlanyňda-da, göz ýetirmek bolýar. Munuň üçin agrosenagat toplumlarynyň meýdan işlerine degişli bolan we bu babatdaky hyzmatlary öz içine alýan robotlary görkezmek bolar.

Şeýle robotlaryň biri hem haşal otlara garşy göreşýän «Ecorobotix» robotydyr. GPS hem-de datçikler bilen üpjün edilen bu robotyň daşky görnüşi tennis stolyny ýadyňa salýar. Ol özünde ornaşdyrylan kameralar arkaly haşal otlary medeni ekinden tapawutlandyryp bilýär. Ol ekiniň içinden ýöräp barşyna haşal oty belleýär we onuň düýbüne haşal otlara garşy himiki serişde bolan gerbisidiň az mukdaryny pürkýär. Bu işler robot arkaly 2-3 gezek gaýtalanylanda, ekin meýdanlaryna sepilýän gerbisidiň gereginden artyk ulanylmagynyň öňi alynýar.

Arzuw IŞANGULYÝEWA,
TKA-nyň Halaç etrap komitetiniň hünärmeni.