Düzgünleri ünsden düşürmäliň!

29 Mart 2022
661

Mähriban ildeşler! Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy gündelik durmuşda gerek bolan elektrik-gaz enjamlaryny talabalaýyk gurnamagy, ulanmagy we ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň käbir kadalaryny ýatladýar.

Gazyň ysy otagda duýlan halatynda, ony ulanmagy bes edip, gaz geçirijiniň nurbatyny ýapyp, penjireleridir gapylary açyp, otagyň içini şemallatmaly. Şol pursatda açyk otdan peýdalanmakdan, ýanyp duran elektrik çyrany öçürip-ýakmakdan saklanyp, Gaz howpsuzlyk gullugyna «04» ýa-da el öýjükli telefonyndan «004» belgä habar bermeli.

Ýazmuhammet AKMEDOW,
TIIM-niň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň 6-njy bölüminiň müdiri.