Bu günki işiňi ertä goýma

29 Mart 2022
991

Ýaz paslynda möhüm işleriň biri bolan tagt suwuny tutmak işi başlanýar. Tagt suwuny tutmak bilen tohumlaryň doly gögermegine, ýaşajyk gowaçalaryň kadaly ösüp, boý almagyna, gunçalap başlaýança suwdan kösenmezligine şert döredilýär. Tagt suwy tutulyp başlananda, ekiş ýerleriniň toprak düzümi, şorluk derejeleri göz öňünde tutulmalydyr. Agyr toýunly topragy bolan meýdanlarda ekişden 20-25, toýunsow toprakly meýdanlarda 15-20, ýeňil toprakly meýdanlarda hem 10-15 gün öň tagt suwy tutulyp başlanýar. Gowaça ekişi gerişlerde geçirilýän Ahal, Mary we Balkan welaýatlarynda bu döwür 5-7 gün gysgaldylýar. Bu döwrüň gysgaldylmagy tagt suwunyň ekiş joýalary arkaly tutulýandygy, joýalar arkaly suwarylan meýdanlarda suwuň az sarp edilýändigi, çalt siňýändigi we ýeriň basym taba gelýändigi bilen baglydyr. Topragyň duzlulyk derejesi ýokarrak bolan meýdanlarda tagt suwuny ir başlamak maslahat berilýär. Çünki howanyň gyzmagy bilen duzlaryň tohuma täsir ediş derejesi hem güýçlenýär. Tagt suwunyň netijeliligi ekiş geçiriljek meýdanlaryň tekizligine hem köp derejede baglydyr.

Ekişiň öňünçäsi geçirilýän agrotehniki işler gowaça ekiljek meýdanlaryň yzgarlylygyny talabalaýyk saklamaga, keseksiz, ýumşak toprak gatlagyny döretmäge, suwdan soň gögeren haşal otlaryň ýok edilmegine gönükdirilendir. Şeýle hem ýuwuş we tagt suwlarynyň tutulmagy netijesinde sürüm gatlagyndan aşak düşürilen zyýanly we zäherli duzlaryň ýokary galmazlygyna we çigidiň düşjek gatlagynda toplanmazlygyna şert döredýär.

Şamyrat AKMYRADOW,
oba hojalyk ylymlarynyň doktory.