Ussat halypanyň şägirtleri

29 Mart 2022
782

Sungat ussatlarynyň biri-de dessançy bagşy Öre Mätgeldiýewdir. Bu bagşynyň tutuş maşgalasy halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirýär. Ol özüniň bagşyçylyk tejribesini kakasy, Türkmenistanyň halk bagşysy Bally Mätgeldiýewden aldy. Bally halypa saz çalmagy kakasy Mätgeldi gyjakçydan öwrenip başlaýar. Oglunyň ukybynyň bardygyny duýan Mätgeldi aga ony Magtymguly Garlyýewe şägirtlige berýär we ol Çuwal bagşynyň ussat şägirtleriniň biri bolup ýetişýär. Halypa bagşynyň maşgalasynda ogullarydyr gyzlarynyň ählisi sungat ýolunda zähmet çekýärler. Halypanyň ogly dessançy bagşy Öre Mätgeldiýew hem halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek ugrunda özüniň halypalardan öwrenen ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmaýar. Onuň ýetişdiren şägirtleri häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde diýen ýaly bu ugurda zähmet çekýärler.

Halypanyň şägirtlerinden «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň «Altyn menzil» aýdym-saz toparynyň saz ýolbaşçysy Aýna Mämedowa, Akdepe etrabyndaky çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň aýdym-saz gurnagynyň gurnak ýolbaşçysy Nazarmät Tirkeşmedow, Akdepe etrabynyň 1-nji orta mekdebinde aýdym-saz mugallymy Nury Nuryýew dagy Öre aganyň ýoluny dowam etdirýärler. Gyzy Laçyn Mätgeldiýewa bolsa, etrabyň çagalar sungat mekdebinde ýaş nesillere bagşyçylyk hünärinden bilim berýär.

Altybaý ALLABAÝEW,
TAP-nyň Akdepe etrap komitetiniň başlygy.