«Ol ekindir, ýaşyl-gyzyl öwüsýän...»

29 Mart 2022
732

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy durmuşyň islendik ugruna degişli goşgulara, parasatly setirlere, jaýdar jümlelere, nakyla öwrülen sözlere baý. Beýik akyldaryň paýhaslar hazynasy dürli ugurlar bilen bir hatarda, «bijanlara jan berýän» ýagyş-ýagmyr, akar suw, ekin-dikin hakda hem gymmaty egsilmejek hikmetli setirleriň gorudyr.

«Kadyr Alla, dökgün rahmet-barany», «Akarda suw ýa öserde ýel bolgul», «Ýagmyr bilen ýer gögär», «Asmandan nur ýagsa, minewwer bolar» diýip, suwy, ýagyş-ýagmyry adamzat ähliniň baş zerurlygynyň biri, eklenjiniň medetkäri hasaplan ussadyň şu setirleri halk durmuşynda nakyla öwrülipdir.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.