«Köp dogaýy salam aýdyň!»

22 Mart 2022
805

Aýdyşlaryna görä, salamlaşmagyň düýp manysy birek-birege saglyk — salamatlyk dilemek bolup durýar. Salamlaşmak dünýä halklarynyň ählisinde diýen ýaly bolup, ol elleşmek, ikelläp görüşmek, baş egmek, baş atmak, eliňi götermek, dyzyňy epmek ýaly dürli-dürli gönüşde ýerine ýetirilýär. Bu dessur biziň halkymyzda dilden salam bermek, ikelläp görüşmek, eger ýaşmakly zenan maşgala bolsa, eglip salam bermek bilen berjaý edilýär. Halkymyzda ýaşkiçi ýaşula, bir adam köpçülige, atly pyýada salam bermek adata öwrülendir.

Halkymyzda beýleki halklarda kän bir duş gelmeýän salam bilen bagly özboluşly bir dessur ýerine ýetirilýär. Oňa salam ibermek, ýollamak diýilýär. Bir adam özünden has uzakdaky maşgala agzasyna, dostuna, tanşyna gaýybana salam ýollap bilýär. Şol tarapa gidip barýan adamdan ýa-da ýöriteläp birini ugradyp, «Pylan ýerdäki pylana köp dogaýy salam aýdyň!» diýilýär.

Taýýarlan Şöhrat ABDYÝEW.
Suraty düşüren Ilaman Çüriýew.