Ykbalyny topraga baglan

15 Mart 2022
949

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň «Gyzylaýak» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Güljemal Ýolbarsowa ene toprakdan bol hasyl almagyň inçe syrlaryny obanyň tejribeli daýhanlaryndan öwrenip, indi 26 ýyldan bäri halal zähmeti bilen «ak altynyň» bol hasylyny ýetişdirip gelýär. Ol Artykguly Hojagulyýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 4-nji kärendeçiler toparynyň ökde öňdebaryjy kärendeçileriniň biri hasaplanylýar. Kärendeçi zenan 3 gektar ýerden 2019-njy ýylda 8 tonna 700 kilogram pagtanyň deregine 10 tonna 130 kilogram, 2020-nji ýylda 9 tonna pagtanyň deregine 13 tonna 700 kilogram, 2021-nji ýylda 9 tonna pagtanyň deregine 11 tonna 40 kilogram ýokary hilli pagta hasylyny watan harmanyna tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamasyny ýylyň-ýylyna artygy bilen ýerine ýetirip gelýär.

— Biziň şeýle zähmet üstünliklerine ýetmegimiziň özeninde hormatly Prezidentimiziň daýhanlara berýän kömek-goldawlary bar. Kärendeçi daýhanlaryň ýokary hasyl almaklary üçin olar kuwwatly tehnikalardyr zerur serişdeler bilen doly üpjün edilýär. Bu zatlar bolsa her birimizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar, göwnümizi ganatlandyrýar – diýip, kärendeçi Güljemal Ýolbarsowa ýürek buýsanjyny paýlaşdy.

Sülgün KERIMOWA,
TAP-nyň Kerki etrap komitetiniň hünärmeni.