Hoş habaryň baýragy

22 Mart 2022
761

Hoş habary getireni gowy garşylamak, oňa sylag-serpaý ýapmak dünýäniň halklarynda seýrek duş gelýän däpleriň biridir. Bu ýagdaý bilen bagly biziň halkymyzda özboluşly dessurlar berjaý edilýär. Söwda-satyga, argyşa giden kerwen sag-aman gaýdyp gelende, haç zyýaratyna, alys ýurda sapara gidenler salamat dolananlarynda, ogul-gyz çaga dünýä inende, ondan ilki habardar bolan adamlar bu hoş habary beýleki adamlara ýetirmäge howlugýarlar.

Öňden gelýän däbe görä, adamlar hoş habary buşlap gelen adamy boş goýbermeýärler. Buşluk üçin süýji-kökeden, elýaglykdan başlap, köşekli düýä, bedew ata çenli baýraklar berilýär.

Taýýarlan Şöhrat ABDYÝEW.
Suraty düşüren Ilaman Çüriýew.