At tutmak dessury

22 Mart 2022
599

Türkmen halkynyň geçmişinde berjaý edilen bu dessur myhmana hormat goýmak bilen bagly bolup, halkyň myhmansöýerlik däbinden gelip çykýar. Bu dessur adatça şeýle beýan edilýär.

Öý eýesi myhmany daşarda garşylaýar. Salamlaşylandan soňra atyň uýanyndan tutup, gelen adama düşüp myhman bolmagy teklip edýär. Eger gelen myhman habaryny at üstünden berip giderli bolmasa, atyň uýanyny öý eýesine berip, atdan düşýär. Öý eýesi myhmanyň atyny gazyga baglap gelýär. Soňra myhmanyň öňüne düşüp, öýe girizýär. Myhmanyň oturjak ýerine täze haly, keçe düşelýär. Saçak ýazylýar. Soňra öý eýesi daşary çykyp, myhmanyň atynyň aladasyny edýär ýa-da ata seretmegi — suw, ot-iým bermegi ogluna buýurýar.

Taýýarlan Şöhrat ABDYÝEW.
Suraty düşüren Ilaman Çüriýew.