Garagurt

19 Aprel 2022
1086

Parasatly pederlerimiz tebigatyň önümlerinden, ir-iýmişlerinden dürli iýmitleri taýýarlapdyrlar. Olar ýokumlylygy, tebigy taýdan arassalygy bilen tapawutlanyp, saglyk üçin uly ähmiýete eýe bolupdyr. Olaryň köpüsi biziň günlerimize gelip ýetipdir. Şeýle önümleriň biri-de, häzirki wagtda-da ýurdumyzyň käbir sebitlerinde, esasan-da, günorta-günbatar Türkmenistanda giňden taýýarlanylyp, halk lukmançylygynyň serişdesi hökmünde peýdalanylýan garagurtdur.

Garagurt peýnirden syzylyp alnan suwdan taýýarlanylýar. Halkymyz haýsy bolsa-da, bir önümi taýýarlan wagty onuň hiç zadyny yrýa etmän ulanypdyr. Göräýmäge, peýniriň galyndysy döküläýmeli ýaly, emma ata-babalarymyz şol galyndydan hem dermanlyk önümini taýýarlamagy başarypdyrlar.

Maksat MEREDOW,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň kiçi ylmy işgäri.