Ak ýollaryň abadançylygy bagtyýarlygyň sakasydyr

12 Aprel 2022
686

Jemgyýetimiziň her bir raýatynyň köçe we ýol hereketiniň düzgünleri boýunça kada-kanunlary dogry we doly ýerine ýetirmek, bu babatdaky borçlaryny berjaý etmek boýunça düşünjesini artdyrmak üçin wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky meseleler her bir şahsyýetiň ýaş aýratynlyklary boýunça kesgitlenilýär. Ýol hadysalarynyň öňüniň alynmagy göz öňünde tutulyp, ýörite ýanýodalar, ýerasty we ýerüsti-köprüli geçelgeler gurulýar. Çagalar bagyndan başlap, orta we ýokary okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarda we degişli guramalarda şu günler köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini dogry berjaý etmek babatda derwaýys işler geçirilýär.

Mysal üçin, çagalar baglarynda ýol hereketi bilen bagly dürli oýunlary guramak, olarda gyzyklanma döretmek, suratlary çekip görkezmek, okuwçy we talyp ýaşlara ýoldan geçilende, köçäniň iki tarapyny-da synlap, ünsli we ätiýaçly bolmaklary sargyt edilip, köçe-ýol hereketlerinde ýüze çykýan hadysalar dürli mysallaryň üsti bilen olaryň aňyna ýetirilýär. Köçe we ýol hereketiniň düzgünlerini bilmek we dogry berjaý etmek diňe bir sürüjä bagly däl. Pyýada ýolagçylar ýörite pyýadalar üçin bellik goýlan ýerlerden geçmelidirler, hereketiň has köp ýerlerinde bolsa, ýerasty we ýerüsti geçelgelerden peýdalanmalydyrlar.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.