Tutanýerli işlemegiň wezipeleri kesgitlenildi

12 Aprel 2022
447

8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmegiň şu ýylyň birinji çärýeginiň jemleri jemlendi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi, geljek döwür üçin Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri kesgitlenildi.

Mejlisde Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew şu ýylyň ýanwar – mart aýlarynda gazanylan durmuş-ykdysady görkezijiler barada hasabat berdiler.

«Bereketli toprak».