Berekediň başy — bugdaý

12 Aprel 2022
738

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň çäginde ýerleşýän ýöriteleşdirilen meýdançada halypa mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda birnäçe ylmy işler alnyp barylýar. Alnyp barylýan ylmy işler ýylyň-ýylyna döwlet derejesinde geçirilýän ýaş alymlaryň bäsleşiginde baýrakly orunlara mynasyp bolýar. Bu ylmy-barlag işi üçin bugdaýyň «Ýolöten — 3» we «Batko» sortlary saýlanyp alyndy. Olarda gibridleşdirme geçirmezden öň, seçgi geçirmek bilen, olaryň arassa, sorta mahsus nusgalary seçilip alyndy. Seçgi geçirmekde bu sortlaryň önümliligine, önümli baldaklaryň emele gelşine, boýuna, ösüş döwürlerine, 1000 dänäniň agramyna üns berildi.

Gibridleşdirme usuly ulanylanda, şekil emele getirmegiň esasy – genleriň gaýtadan utgaşmasy we transgressiýasydyr. Sortuň enelik we atalyk şekilleri öz nesline alamatlary däl-de, eýsem, şol alamatlary hereketlendirýän genleri geçirýär. Käbir ýagdaýlarda bugdaýyň iki sany gylçyksyz şekilleri çaknyşdyrylanda, ikinji nesilde ¼ mukdarda gylçykly şekiller emele gelýär. Bu ýagdaýda enelik-atalyk şekillerde gylçyklyk alamaty ýokdy, ýöne ol alamaty kesgitleýän resessiw genler bardy. Şeýlelikde, resessiw gomozigota genler gylçyklyk alamaty ýüze çykarýar. Sümmülleri orta uzynlykdaky iki sany bugdaý ýa-da arpa sortlary çaknyşdyrylanda, gibrid neslinde uzyn we gysga sümmülli ösümlikler hem ýüze çykýar. Bu täze emele gelmeler transgressiýa – alamatyň ýüze çykmagyny kesgitleýän polimer genleriň jemleýji täsiri bilen baglanyşyklydyr. Transgressiýada bir-biriniň üstüni ýetirýän genotipler gibridde jemlenýär.

Amanmyrat ALLANUROW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.