"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Düýedarçylygyň ykdysadyýeti we guralyşy

Düýedarçylyk et, süýt we ýüň öndürmekde netijeli pudaklaryň biridir. Önüm birligine edilýän çykdajysy beýleki mallardan alynýan önümlere edilýän çykdajylardan ep-esli azdyr. Esasy çykdajylar öri meýdanlaryny suwlulandyrmakdan, çopanlaryň zähmet hakyndan we düýeleri saklar ýaly ýönekeý jaýlary gurmakdan ybaratdyr. Pudakda düýeleriň bir başyna edilýän çykdajylar olardan alynýan girdejiden 2 – 2,5 essä golaý azdyr. Munuň özi pudagyň örän girdejilidigini görkezýär. Düýedarçylyk zähmeti az talap edýän pudakdyr. Esasy önümçilik birligi çopanlar topary ýa-da kärendeçilerdir. Olara tehnika we ulag serişdeleri berkidilýär. Çopanlar topary 2 – 3 sarwandan ybarat bolup, olara 120 – 150 baş dürli ýaşdaky düýeler (bir sarwana 40 – 60 baş uly düýe, 60 – 70 baş ýaş düýeler) berkidilýär. Çopanlar topary düýeleri bakmak, baş sanyny tükel saklamak, zootehniki we weterinar çäreleri geçirmek ýaly işleri doly ýerine ýetirýärler.

Dowardarçylyk: seçim işinde ýokary hil

Häzirki döwürde ýurdumyzda maldarçylyk önümleriniň öndürilişini ýyl-ýyldan artdyrmak maksady bilen, dowardarçylykda tohumçylyk işini göwnejaý ýola goýup, olaryň tohumynyň, önümleriniň hilini gowulandyrmak, ýokary önüm berýän tohum goýunlaryň baş sanyny artdyrmak boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Bu babatda garakölçülik ýurdumyzyň maldarçylygynyň esasy hem-de ýörgünli pudagydyr. Garaköli goýunlarynyň esasy önümi bolan bagana özüniň tebigy owadanlygy, nepisligi, göze gelüwliligi hem-de jana ýakymlylygy bilen bütin dünýä meşhurdyr.

Şygryýet älemi

Aşgabat Ak güllerem senden alan ak reňkiniň gönezligin,Bu gün dünýäň dillerinde şeýda boldy gözelligiň,Gül goýnuňda ýaşamaklyk bagt çykmasy gözleglermiň,Ümmülmez Älem giňligiň nazarynda sen, Aşgabat,Arkadagyň yhlasyndan binýat bolan jan Aşgabat.

Binagärçilik sungatynyň ojagy

Taryhy açyşlaryň subut etmegine görä, binagärlik sungatynyň ilkinji nusgalarynyň hut şu toprakda kemala gelendigi baradaky maglumatlar alymlar topary tarapyndan ykrar edilen hakykatdyr. Akademik N.I.Wawilowyň, professor Ö.Gündogdyýewiň bellemeklerine görä, «Günorta Türkmenistan adamzat siwilizasiýasynyň ilkinji dörän, kemala gelen, ýaýran ojaklarynyň biridir. Muňa paýtagtymyz Aşgabat şäherinden 20 kilometr demirgazyk-günbatarda ýerleşýän gadymy Jeýtun medeniýetiniň galyndysy hem şaýatlyk edýär. Häzirki zaman arheologiýa ylmynda «Jeýtun medeniýeti» gaty uly gymmatlyklaryň hatarynda goýulýar. Ahal welaýatynyň çäginde Jeýtun medeniýetine degişli — Çopandepe, Pessejikdepe ýaly gadymy obalaryň yzlary hem geçen asyryň ortalarynda arheolog alymlar tarapyndan ýüze çykarylypdy. Adamzat taryhynyň irki bürünç eýýamy magdan işläp bejermekde, külalçylyk önümçiliginde täze usullaryň peýda bolmagy bilen tapawutlanýar. Taryhyň gatlaryna siňen şeýle yzlary Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Bekrewe ýaşaýyş toplumynyň çäginde saklanyp galan Akdepe arheologiýa ýadygärliginde hem görmek bolýar.

Çigildemleriň şanyna baýram

Russiýada her ýyl bellenilýän çigildem baýramynyň ýurtdaky iň esasy dabaralary Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýär. Her ýyl bolşy ýaly, şu ýyl hem şäherdäki «Ýelagin adasy» atly seýilgähde çigildemleriň uly topary oturdyldy. Olaryň sany 200 müň düýbe ýetýär. «MIR24» habarlar agentligi şu ýyl oturdylan çigildemleriň arasynda russiýalylaryň ozal görmedik görnüşleriniň hem bardygyny ýazýar.

Aýdan getirilen toprakda ösümlik ösdürildi

Ýakynda ABŞ-nyň Florida ştatynyň uniwersitetiniň Azyk we oba hojalyk institutynyň alymlar topary Aýyň topragyna haşal güli oturtdylar. Toprak astronawtlar tarapyndan «Apollon ― 11» gämisinde getirildi. Ähli tohumlar gögeriş aldy. Synagyň birinji hepdesinden soň, Aýyň topragy kiçijik gülli haşal ösümligiň ösüşine güýçli täsir edip, ony haýallatdy. Netijede, Aýdan getirilen toprakda oturdylan ösümligiň boýy ýerdäkiden pes boldy.

Iň uzyn papaýýa

Braziliýaly Tarsisio Folsuň fermasyndan dünýäniň iň uzyn papaýýa agajy tapyldy. Fermanyň eýesi bu agajyň boýunyň adatdakydan has uzyndygyny ýüze çykardy. Ginnesiň rekordlar kitabynda indi Parana ştatynyň Nowa-Awrora şäherinde ösýän bu ösümlik iň uzyn papaýýa agajy diýlip bellenilýär. Rekord gazanan agajyň boýy 14,55 metre deňdir. Netijede, Braziliýada ösýän papaýýa ozal Hindistanda ösýän, boýy 14,08 metr bolan papaýýa agajyndan hem beýik diýlip hasaba alyndy.

Ätiýaçlylyk — abadançylygyň girewi

Döwlete pile tabşyrmagyň meýilnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ýüpek gurçuklaryna kadaly ideg etmek bilen birlikde, önümçilik jaýlarynda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilişine-de berk baglydyr. Şonuň üçin hem daýhan birleşikleriniň ýüpekçilik bilen meşgullanýan kärendeçileri tarapyndan gurçuk idedilýän ýa-da hasyl toplanan jaýlaryň ýangyn döremek howpundan goralmagy gaýragoýulmasyz çäreleriň biri hasaplanýar. Mälim bolşy ýaly, gurçuk idedilýän jaýlarda zerur bolan ýylylygy saklamak üçin elektrik gyzdyryjy abzallar, dürli ýangyçlar bilen gyzdyrylýan peçler ulanylýar. Gurçuk idedilýän jaýlarda çalt ýanmaga ukyply önümleriň köpdügini nazarda tutup, pileçi kärendeçiler ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini pugta berjaý etmelidirler. Munuň üçin gurçuk idedilýän jaýlarda ýangyn howpsuzlyk düzgünnamasyna laýyk gelýän peçleriň oturdylmagy hökmanydyr. Peç oturdylanda, onuň tüsseçykaryny jaýyň agaç germewlerine degmez ýaly aralykdan çykarmaly, daşyny bolsa, galyň laý gatlagy bilen doldurmaly. Peç bilen poluň aralygyna ýanmaýan azbest kartonyny goýup, üstüne demir bölegini düşemeli ýa-da kerpiç örüp, üstüni suwamaly. Şeýle hem pejiň daşyna kerpiç örülse, has-da howpsuz hem-de oňaýly bolar. Peçde ýanýan ot jogapkärli adam tarapyndan yzygiderli gözegçilikde saklanmaly. Hasyl ýygnalan jaýlarda elektrik akymynyň ýok ýerlerinde yşyklandyrmak üçin dürli görnüşdäki yşykland

Saglyk — baýlyk

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Beden maşklaryny ýerine ýetiriň, sport bilen meşgullanyň!

Gadyrly okyjylar!

2022-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin «Bereketli toprak» gazetine elektron görnüşde abuna ýazylyşygynyň dowam edýändigini habar berýäris. «Bereketli toprak» gazetiniň elektron neşirine 2022-nji ýylyň ikinji ýarym ýyllygyna «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynda we onuň «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynyň üsti bilen, «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» atly bukja arkaly ýazylyp bolýandygyny ýatladýarys. «Bereketli toprak» gazetiniň elektron neşirine abuna ýazylmak arkaly, şol bukjada ýurdumyzyň beýleki merkezi gazet-žurnallaryny we welaýat gazetlerini, has dogrusy, ýene-de 25 neşiri okap bolýar. Şeýle-de, şol neşirleriň ählisini «PDF» nusgasynda ýükläp alyp bilersiňiz.

Zähmet ýeňişleriniň buşlugy — üstünlikleriň gözbaşy

23-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek hem-de öňde boljak baýramçylyk senelerine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny açdy. Maslahatda Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatlarda gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleriniň geçirilişi, galla oragyny guramaçylykly geçirmäge hemmetaraplaýyn taýýarlyk görlüşi, şeýle hem ýeralmany we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilatymyzy üpjün etmek, welaýatda pile taýýarlamak möwsümini netijeli jemlemek hem-de bu gymmatly çig maly tabşyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdiler.

«Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine

Mähriban uçurymlar!Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri! Sizi bilimleriň ak ýoluna ataran mekdep ýyllarynyň tamamlanandygyny alamatlandyrýan ajaýyp baýram — «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Soňky jaň» dabarasy bagtyýar ýaşlarymyzda ata Watanymyza beýik buýsanjy artdyrýan bilimler baýramydyr. Şoňa görä-de, asylly däbimize eýerip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni bilen gabat gelýän «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň bilimlerini hem-de ylymlaryny, güýç-gaýratlaryny eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine bagyş etjek ýaşlarymyzy täze belent maksatlara ruhlandyrjakdygyna ynanýaryn.

Aşgabat dost-doganlygyň merkezi

Halkymyzda «Myhman az otursa-da, köp synlar» diýen aýtgy bar. Owal-ahyrdan Watanymyza gadamy düşen islendik syýahatçynyň ýa-da jahankeşdäniň türkmen topragynda näçe günlük düşlese-de, halkymyzyň myhmansöýerlik däp-dessurlaryndan başlap, ençeme täsirlenmeler bilen ýakymly ýatlamalary alyp gidipdir. Ýatlamalar bolsa dillere düşüp, güneşli topragymyz baradaky täsin gürrüňler rowaýatlara öwrülip, ilden illere geçipdir, halklaryň arasynda ýaýrapdyr. Biz – türkmenler hakynda «Gündogarda şeýle bir halk bar, agzybirlik olaryň ýörelgesi, parahatçylyk göreldesi» diýen ýaly pikirler bolupdyr. Bu babatda gadymy taryhy çeşmeleriň islendigine salgylansak hem şunuň ýaly maglumatlara gabat gelmek bolýar. Halkymyzyň şeýle yzy üzülmän gelýän asylly ýol-ýörelgelerine, edim-gylymyna bu günki gün hem bütin dünýä şaýat. Bu hakynda olar öz sözlerinde-de aýdýarlar. Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň ýardam bermeginde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumyna gatnaşmaga gelen birnäçe myhmanlar bilen tanyşlyk açdyk, dostlaşdyk, gatnaşyklarymyzy saklamak üçin öz internet bukjalarymyzyň salgylaryny alyşdyk. Şeýlelikde, golaýda olar bilen internet arkaly habarlaşyp, ýurdumyz hakyndaky özlerinde galan täsirleri baradaky gürrüňlerini eşitdik. Biz hem şol süýji söhbetleri oky

Aşgabat — şäherleriň merjeni

Arkadagly Serdarymyzyň şu ýylyň  22-nji aprelinde sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan bu guramanyň yglan eden «Şäherdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berlendigi barada bagtyýar halkymyza buşlan hoş habary kalbymyzy buýsanja besledi. Döwlet Baştutanymyzyň belläp geçişi ýaly, bu iri möçberli ekologiýa maksatnamasyna paýtagtymyz Aşgabadyň goşandynyň resmi taýdan ykrar edilmegi Türkmenistan bilen BMG-niň netijeli we köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň subutnamasy bolup durýar. Ýurdumyzda tebigaty goramak ulgamynda hereket edýän kanunçylygyň yzygiderli kämilleşmegi, howanyň üýtgemegi boýunça hereket edýän Türkmenistanyň Milli strategiýasy, Milli tokaý maksatnamasy ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça geçirilýän işleriň has-da giň gerimde ýaýbaňlanmagyny şertlendirýär.

Sahna ussatlarynyň döredijilik sungaty

Ýurt Garaşsyzlygynyň ýyllary içinde berkarar döwletimiziň teatr sungaty uly ösüşlere eýe boldy. Merjen paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dünýä ülňülerine laýyk gurlan teatrlaryň ak mermere bürenip oturan kaşaň binalarynyň giň töründe biri-birinden täsirli sahna oýunlaryny ildeşlerimize ýetirýän sungat ussatlary hemişe halkyň hyzmatynda. Eziz Diýarymyzda teatr sungaty babatda halkara derejesinde festiwallardyr forumlaryň geçirilmegi milli teatr sungatymyzyň, hakykatdan-da, belent derejelere eýe bolandygyna şaýatlyk edýär. Ynha, geçen hepdäniň şenbe güni, ýagny 21-nji maýda ak şäherimiz Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Baş drama teatrynda «Türkmen teatr sungaty» atly teatr festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda geçirilen halkara derejesindäki sahna sungatynyň forumy ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de paýtagt şäherimiz Aşgabadyň teatr toparlaryny bir ýere jemledi.

Şaly ekişi gyzyşýar

Daşoguz welaýatynyň şalyçylary hormatly Prezidentimiziň öňde goýan tabşyryklaryndan ugur alyp, şaly ekişini gyzgalaňly dowam etdirýärler. Welaýat boýunça göz öňünde tutulýan 8100 gektar şaly Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen daýhan birleşiklerinde ýetişdirilýär. Etrabyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşigi iri gallaçylyk hojalyklarynyň biri bolmak bilen bir hatarda bu ýerde şalynyň 4750 gektary ekilýär. Şu günler hojalygyň şalyçy kärendeçileri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şaly ekişini guramaçylykly dowam etdirýärler. Daýhan birleşik boýunça ekiji toparlaryň bäşisi hereket edip, onuň düzümine dürli kysymly tehnikalaryň ýeterlik mukdary berkidilipdir.

Ylmy barlaglar — takyk we ýokary netije

Oba hojalyk önümçiligini ylmy esasda alyp barmak, ilkinji nobatda, takyk we ýokary netijäniň gazanylmagyny dolulygyna şertlendirýär. Şonuň esasynda hem ýokary okuw mekdebimizde oba hojalyk önümçiliginde zähmet çekjek hünärmenleri taýýarlamakda, nazary bilimler ylmy-barlag we önümçilik işleri bilen utgaşdyrylyp, professor-mugallymlaryň gatnaşmagynda yzygiderli alnyp barylýar. Şolaryň biri hem «Tut nahallarynyň innowasion usulynda ösdürilip ýetişdirilişiniň piläniň hasylyna we hiline täsiri» atly ylmy-barlag işidir. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýüpekçi kärendeçilere döwrebap zähmet çekmek üçin döredilip berilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde, ýüpek gurçuklaryndan alynýan pile hasyly ýylsaýyn ýokarlanýar. Ýüpek gurçugynyň ýeke-täk iýmit çeşmesi bolan tut agaçlarynyň ösdürilip ýetişdirilýän meýdanlary ýyl-ýyldan artdyrylýar. Tutçulygy ösdürmek ýüpekçilik pudagyny ösdürmegiň esasy şertleriniň biridir. Şoňa görä-de, tut agaçlarynyň ösüş aýratynlyklaryny bilmek, tohumçylygyny ýola goýmak, tut nahallaryny ösdürip ýetişdirmegiň kadalaryny we düzgünlerini öwrenmek, ýörite meýdanlarda tut baglaryny döretmek, olary ösdürmekde topragy bejermegiň usullaryny kämilleşdirmek önümçilik üçin hem örän möhümdir.

Al-ýaşyl hasylly hatarlar

Ýurdumyzda ilaty azyk önümleri bilen üpjün etmekde, ak bazarlaryň tekjelerindäki oba hojalyk önümleriniň üstüni yzygiderli doldurmakda, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleri öwgä mynasypdyr. Şeýle telekeçileriň biri hem Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde 4 gektar meýdany tutýan ýyladyşhana hojalygynyň ýolbaşçysy Sapardurdy Nazlyýewdir. Bu ýyladyşhana 2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlup, ulanylmaga berildi.

Seýisçiligiň ylmy beýany

Döwür bilen deň gadam basýan ylmyň we tejribäniň gazanan netijelerini beýan edýän gyzykly maglumatlar kitaplarda jemlenendir. Ýakynda şeýle kitaplaryň ikisi «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň ýardam bermeginde çap edildi. «Aty saýlamagyň düzgünleri», «Ahalteke atlaryna çylşyrymly tilsimleri öwretmegiň sungaty» atly ylmy-amaly gollanma bolan bu ylmy kitaplaryň awtorlary Türkmenistanyň Halk atşynasy Pygy Baýramdurdyýew hem-de S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Ahalteke atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Myrat Rejepgulyýewdir. «Aty saýlamagyň düzgünleri» atly ylmy-amaly gollanmada atlaryň daşky beden gurluşy, olaryň kuwwatlylygy, ýyndamlygy ýaly fiziki häsiýetleri, olary saýlap-seçmek babatda maglumatlar berilýär. Gollanma ahalteke atlaryny seçgi-tohumçylyk işlerinde saýlap almakda, şeýle hem atçylyk we weterinar lukmançylygy hünärleriniň talyplary, atçylyk hünärmenleri, zoologlar we zootehnikler üçin peýdaly bolar.