Ak ekinler iýmitlendirilýär

26 Aprel 2022
821

Tagtabazar etrabynyň gallaçylary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny zähmet üstünliklerine beslemek maksady bilen, 7 müň 500 gektar ýerde ekilen galla meýdanynda bol hasylyň kemala getirilmegi üçin ähli ukyp-başarnyklaryny bugdaý idegine gönükdirýärler. Olar agrotehniki çäreleriň her birini öz wagtynda we ýokary hilli amala aşyrmagyň hötdesinden gelip, ekin meýdanlarynda joşgunly zähmet çekýärler. Bu ýerde ak ekinlerini ýerli we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, haşal otlara garşy göreş çärelerini amala aşyrmak ýaly derwaýys işler utgaşdyrylyp, ýokary depginde alnyp barylýar.

Ak ekinlere ideg etmekde «Azatlyk», «Ýaşlyk», «Marçak» daýhan birleşikleriniň hem-de «Gözel ýaýla» açyk görnüşli we «Gözel künjek» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň agzalary nusga alarlyk iş bitirýärler. Olaryň ekin meýdanlarynda ösümlikler 2-nji gezek iýmitlendirilýär, 2-nji, 3-nji gezek ösüş suwy tutulýar. Haşal otlaryň garşysyna göreş çäreleri bolsa, yzygiderli we ýokary hilli geçirilýär.

Allaberdi SAPARGELDIÝEW,
öz habarçymyz.