Daýhan hojalygy — önümçiligiň zamanabap gatnaşyklary

3 Maý 2022
907

Berkarar döwletimizde daýhana halal baýamaga, maşgala agzalary bilen bilelikde zähmet çekip, döwletli ojagyň eýesi bolmaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň her bir bagtyýar raýatyna döredilip berilýän şeýle mümkinçilikleriň biri hem daýhan hojalygydyr. «Daýhan hojalygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, oba hojalyk önümçiligini bilelikde alyp barmak üçin bir ýa-da birnäçe maşgalanyň agzalary tarapyndan döredilýän oba hojalyk kärhanasyna daýhan hojalygy diýilýär. Sada dil bilen aýdylanda, daýhan hojalygyna daýhanyň maşgala telekeçiligi diýseňem bolýar. Är-aýallar, kämillik ýaşyna ýeten çagalar, şol sanda perzentlige alnan çagalar, ata-eneler we beýleki ýakyn garyndaşlar daýhan hojalygynyň agzalary bolup bilýärler. Şeýle-de, daýhan hojalygyny döredip, onuň işini ýöredýän işewür maşgala özleriniň telekeçilik — oba hojalyk işine kömekçi hökmünde zähmet şertnamasy esasynda işçi güýjüni, ýagny, işgär hem alyp bilýär. Daýhan hojalygy ony esaslandyryjynyň, ýagny, haýsy hem bolsa, maşgala agzalarynyň biriniň karary boýunça döredilýär we esaslandyryjy bilen şertnama baglaşylýar. Aslynda, daýhan hojalygy ýuridik şahs bolup durýar we beýleki edara-kärhanalaryňky ýaly onuňam Tertipnamasy bolýar.

Daýhan hojalygyny esaslandyryjy ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky degişli döwlet edarasyna, daýhan birleşigine, beýleki oba hojalyk kärhanasyna ýer böleginiň, mallaryň, guşlaryň, jaýlaryň, önümçilik desgalarynyň berilmegi hakyndaky arzany, hojalygy netijeli alyp barmak boýunça ykdysady esaslandyrmany berýär. Daýhan hojalygynyň hojalygy özbaşdak ýöretmäge, bellenilen tertipde önümçilige niýetlenen binalary we desgalary gurmaga, ýer böleklerinde melioratiw işlerini geçirmäge, sebitiň önümçilik-ykdysady mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga we ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň amala aşyrylmagyna gatnaşmaga hukugy bardyr. Bu hukuklar bolsa, döwletimiziň daýhanlara bildirýän ägirt uly ynamydyr. Sebäbi döwletimiziň milli baýlygy bolan ene topragymyzy peýdalanmaga ýa-da kärendesine daýhan hojalygyna berlen wagtynda ýeriň ähli gymmatly baýlyklary, suw we beýleki serişdeler, tebigy mümkinçilikler bilen bilelikde daýhan hojalygyna berilýär. Ýerden peýdalanyjynyň razylygy bolmazdan daýhan hojalygynyň ýerlerinde aw awlamak, balyk tutmak, tebigatyň önümlerini (kömelekleri, ir-iýmişleri we beýlekileri) ýygnamak işine ýol berilmeýär.

Bibigül ÝAGŞYMÄDOWA,
Daşoguz şäher prokurorynyň kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.