Ýitendir öýdülýärdi, bar eken

3 Maý 2022
1043

Adamzat ýene bir ýitigini Ekwadoryň günbataryndaky Sentinel daglarynyň etegine ýaýran tropiki tokaýlardan tapdy. Ol ylmy dilde «Gasteranthus extinctus» diýlip atlandyrylýan güldür. Bu gül mundan kyrk ýyl ozal ýitip, ýok bolup gidendir öýdülýärdi. Emma adam aýagy sekmedik tokaýda bu gülüň ösýändiginiň üsti açyldy. Ýitgini ABŞ-nyň Çikago şäheriniň Fildsow muzeýiniň alymlary tapdylar.

Alymlaryň aýtmagyna görä, ösümligiň gaýtadan gögerip çykmagy tebigaty goramak boýunça alnyp barylýan çäreleriň uly ähmiýetiniň bardygyny görkezýär.

Tawus AMANOWA,
Daşoguz şäherindäki 25-nji orta mekdebiň mugallymy.