Ýüpek gurçugynyň idegi

26 Aprel 2022
853

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň ýüpekçi kärendeçileri 4600 guty ýüpek gurçugyny idetmegi öz öňlerinde baş wezipe edip goýdular. Tejribeli ýüpekçilere paýlanyp berlen ýüpek gurçuklarynyň saklanyljak jaýlary bireýýäm doly taýýar edildi. Etrabyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti welaýatymyzda öňdebaryjy hojalyklaryň biri hökmünde giňden tanalýar. Bu hojalykda 1241 sany ýüpekçi kärendeçi bilen şertnama baglaşyldy. Gurçuk tohumyny talabalaýyk idetmek bilen, geljekde hojalykda jemi 48 müň kilogram ýokary hilli pile öndürmek göz öňünde tutulýar. Meýilnamalaýyn borçnamalaryny doly ýerine ýetirmek üçin ýüpekçiler häzirden janypkeşlikli zähmet çekýärler.

Nodira ALLAMOWA,
TAP-nyň S.A.Nyýazow adyndaky etrap komitetiniň hünärmeni.