Hünärimizi döredijilikli özleşdirýäris

5 Aprel 2022
1210

Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, şol sanda obasenagat toplumynda geljekde zähmet çekjek hünärmenleriň ýokary taýýarlykly bolmagy döwrüň talaby bolup durýar. Biz — talyp ýaşlar üçin mugallymlarymyzyň ýolbaşçylygynda oba hojalyk işgärleriniň ähli tutumlaryna gatnaşmaga mümkinçilikleriň döredilmegi geljekde saýlap alan kärimiz boýunça ökde hünärmenler bolup ýetişmegimize ýardam berýär. Häzirki günlerde okuw mekdebimize bölünip berlen meýdançalarda köpçülikleýin bag ekişine işjeň gatnaşýarys. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge mynasyp goşandymyzy goşýarys.

Ýokary okuw mekdebimiz bilen hyzmatdaş hojalyklaryň önümçilik binýadynda halypa mugallymlaryň we hünärmenleriň ýolbaşçylygynda agaç nahallaryny ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnologiýalaryny özleşdirýäris. Miweli, saýaly we pürli agaç nahallaryny ösdürip ýetişdirmegiň we olary sebitler boýunça oturtmagyň kartasyny düzmegiň örän ähmiýetli aýratynlyklaryny öwrenýäris. Mysal üçin, meýdanlara yssa çydamly we suwsuzlyga durnukly tut nahallary oturdylsa, topragyň himiki düzümini arassalamaga ukyply bolýar. Tut agajy oňat kök ulgamyny alansoň, topragyň düzümindäki şory sorup alýar. Daglyk, baýyrlyk ýerlerde subtropiki agaçlary — nar, pisse we beýleki miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmek amatly hasaplanylýar.

Sähragül MUHANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.