Bereketli hasylyň düýbi tutuldy

5 Aprel 2022
802

Geçen hepdäniň çarşenbe gününde Daşoguz welaýatynyň «ak altyn» ussatlary il sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen gowaça ekişine badalga aldylar. Biz hem bu dabaraly günde Köneürgenç etrabynyň «Akgala» daýhan birleşiginiň kärendeçisi, tejribeli daýhan Toýly Nazarow bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:

— Hormatly Prezidentimiziň tagallasy esasynda ýurdumyzda alnyp barylýan halk bähbitli işleriň çäklerinde oba hojalyk pudagynyň işini kämilleşdirmek ugrunda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Köneürgenç etrabynyň «Akgala» daýhan birleşiginde gowaça ekilişine badalga berilmegi hem aýdyňlygy bilen görkezdi. Şu ýyl welaýatymyz boýunça 140 müň gektara gowaça ekilip, ondan «ak altynyň» 275 müň tonnasyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Mahmut ÝAZOW,
TKA-nyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň başlygy.