Döwletimiziň ykdysadyýetiniň kuwwatly şahasy

12 Aprel 2022
1302

Ak bazarlarymyzyň islendigine barsaňam, gözleriň birbada tekjeleri dolduryp duran ter gök önümlerdir ir-iýmişlerde eglenýär. Onsoň baryp, höwes bilen bu behişdi nygmatlardan bol-telki satyn alýarsyň. Öýe gelibem, suw astynda durlanan dürli gök-önümlerden işdäaçar, ir-iýmişlerden bolsa şerbet suwuny taýýarlarsyň ýa olary terligine saçaga äberersiň, lezzetini dadanyňdan soň, sahawatly topragymyzyň jana şypaly nygmatlaryndan gujurlanan ýaly bolarsyň.

Bu oba hojalyk önümleriniň hemişe mukaddes saçaklarymyzda dolup-daşyp durmagy üçin yhlasly zähmet çekýän işjanly telekeçilerimiziň uly paýy bar. Olar önümçiligiň dürli görnüşlerini ýola goýmak bilen, islendik pasylda önümleri terligine halkymyza ýetirmekde billerini berk guşaýarlar.

«Bereketli toprak».