Ruhubelentligiň we bagtyň sakasy

5 Aprel 2022
644

«Saglyk bolsun!», «Saglykda görşeliň!», «Sag gidip, aman geliň!» diýen ýaly sözleri durmuşda häli-şindi eşidýäris. Aslynda, bu sözleriň manysyny yzarlap, aňyýetimiziň çuňluklaryny dörjeläp oturmasak-da, ýaşaýyş üçin iň zerur zadyň saglykdygyna şu jümleleriň üsti bilen ýene bir ýola göz ýetirýäris.

«Saglyk», «Sagdynlyk» düşünjeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hem süňňüne siňen düşünjeleriň hatarynda. Arkadagly Serdarymyzyň: «Sportuň, bedenterbiýäniň ýörgünli bolmagy, birinjiden, halkyň, esasan hem, ýaşlaryň saglygy üçin uly ähmiýetli bolsa, ikinjiden, dünýäde ýurduň sport abraýynyň ýokarlandyrylmagyny şertlendirýär» diýmek bilen, sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürüp, ertirimiz üçin ruhy hem beden taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek babatyndaky edýän aladalaryna şaýat bolýan günlerimizde bu düşünjeleriň astynda ýatýan many-mazmuna has anyk göz ýetirýäris.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW.