Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparynyň dowamyndaky Bilelikdäki türkmen-hindi BEÝANNAMASY

5 Aprel 2022
568

1. Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Onuň Alyhezreti Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Şri Ram Nath Kowind 2022-nji ýylyň 1 — 4-nji aprelinde Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrdy. Bu sapar Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana taryhda ilkinji sapary bolup durýandygy bilen bellidir.

2. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň Prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleler boýunça hemmetaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler. Döwlet Baştutanlary köpasyrlyk ysnyşykly siwilizasion-medeni gatnaşyklara, dostluga, ynanyşmaga hem-de özara düşünişmäge esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dowam edýän ösüşine kanagatlanma bildirdiler. Olar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň möhümdigini bellediler.