«Sen ýeri ýer etseň, ýer seni ner eder»

5 Aprel 2022
472

Her paslyň öz gözelligi bar diýsek-de, bahar paslynyň keşbi janlanyşa öwrülýän täsin bir gözellik. Ýer ýüzi toý lybasyna giren gözeller ýaly al-elwan öwüsýär. Bu doýulmaz gözellik ynsana çagalygyny, ýaşlygyny ýatladýar. Çagalykda  çopantelpekleriň, peçekleriň güljagazlaryndan özümizçe çemen baglardyk. Güllere gonan kebelekler, saýraýan guşlar, asmanda görünýän älemgoşar, akja kömelekler çaga kalbymyzyň ýatdan çykmajak şatlykly pursatlarydy. Biziň üçin dünýäniň ähli gözelligi şol ýerde jemlenen ýalydy.

Türkmen edebiýatynda uly yz galdyran, ýazyjy Arap Gurbanowyň eserlerinde tebigatyň, bahar paslynyň suratlandyrylyşy özboluşly aýratynlyga eýe. Awtor bu gözelligi bir gezek aşyklaryň baga seýlinde suratlandyrsa, ýene birinde ilkinji açylan bahar bägüllerini görkezmek üçin agtyjagyny uly söýgi bilen säher çagy oýarýan atanyň keşbinde, bir gezek çigildem güllerini mugallymyna gowşurmaga howlugýan çaganyň şatlygynda, şeýle-de ekin ekmek üçin ýaňy sürlen giň meýdanlardan gelýän topragyň ýakymly ysynda ýüze çykarýar. Ýazyjynyň garaýşyça, baharyň her bir pursady ajaýyp gözellik.

Akmaral SABYROWA,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri.