Ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen

6 Aprel 2022
875

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen» atly dabaraly maslahat geçirildi. Bu maslahata medeniýet ulgamynda zähmet çekýän döredijilik işgärleri gatnaşyp, Arkadagly Serdarymyzyň beýik tutumlary, alyp barýan taryhy işleri dogrusynda ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Maslahatda çykyş edenler medeniýet ulgamynyň her bir çygrynyň ösüşli ýollary, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, döredilen döwrebap şertler, çäksiz amatlyklar barada giňişleýin durup geçdiler. Bu dabaraly maslahata gatnaşanlar dutaryň şirin owazyna maýyl bolup, ýakymly pursatlara berildiler. Şeýle toýlara gatnaşmaga uly mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin medeniýet ulgamynyň ähli döredijilik işgärleri Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar.

«Bereketli toprak».