Çat açmaýan agaç

12 Aprel 2022
1063

Sözen agajy örän berk we dykyz bolansoň, hiç haçan çat açmaýar. Belki, «Dagda – arça, çölde – sözen» diýilmegem şonuň üçindir.

Sözen agajynyň beýleki sähra agaçlaryna meňzemeýän tarapy-da, onuň güli gök öwüsýär. Güýzüne gülleýär. Miwesi gögerçiniň ganatyny ýadyňa salýan şelpelerden ybarat. Ol iki topara bölünýär – takyrda hem-de gumda bitýän sözenler.

Aýna ABAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy.