Bosagada ýaz ekişi

15 Mart 2022
973

Şu günler gowaçanyň we beýleki ekinleriň ýazky ekişine taýýarlanmak, ilatymyzy bol azyk we gök önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda Balkan welaýatynyň gök ekerançylarydyr kärendeçi daýhanlary hem gujurly zähmet çekýärler. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda welaýatymyz boýunça 50 müň gektar meýdana bugdaý ekilip, ondan 80 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. Häzirki döwürde öňde goýlan borçnamany üstünlikli ýerine ýetirmekde bugdaý ekilen meýdanlary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwlaryny tutmak işleri ýokary depginler bilen alnyp barylýar.

Welaýatyň gowaça ekiljek ýerlerinde hem sürüm, tekizleýiş işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Bu ugurda ekerançylaryň hem-de mehanizatorlaryň netijeli we bökdençsiz işlemegi üçin oňaýly şertler döredilip, şeýle tutanýerli maksadyň amala aşyrylmagynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen satyn alnan kuwwatly tehnikalar işledilýär. Welaýat boýunça müňlerçe gektara gowaça ekilip, ondan 10 müň tonna hasyl almak maksat edinilýär. Şeýle borçnamany ýerine ýetirmekde welaýatymyzyň Serdar, Magtymguly, Etrek, Bereket, Esenguly etraplarynyň kärendeçi daýhanlary irginsiz zähmet çekýärler. Welaýatymyzyň oba hojalyk pudagynda işleriň guramaçylykly alnyp barylmagy daýhanlaryň bereketli toprakdan bol hasyl alyp, belent sepgitlere ýetjekdigine ynam döredýär.

Aýnatäç NEDIROWA,
TAP-nyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher komitetiniň esasy hünärmeni.