Ylham nuruny paýlaýan baýram

15 Mart 2022
633

Halkymyza ruhy galkynmalary bagyş edýän baýramlaryň biri-de, kalplara ylham nuruny paýlaýan, dost-doganlyk, jebislik, agzybirlik ýaly iň gowy däpleri özünde jemleýän Halkara Nowruz baýramydyr.

Nowruz — dirilişiň baýramy. Pederlerimiz pasyllaryň soltany hasaplanýan baharda ýeriň damaryna dirilik keramatyny, ynsanlaryň kalbyna joşgunly hyjuwy bagyş edip, ýaýlalary gülüstanlyga gurşaýan Nowruza sabyrsyzlyk bilen garaşypdyrlar. Ol döwürde ýazyň bogun ýarýan ýyly demi topraga tenekar täsirini ýetiripdir. Bu pasylda daragtlar pyntyk ýaryp, ýaprak ýaýsa, gojaman daglardan şaglap, möwjäp akýan çeşme-çaýlary gadymy türkmen topragynyň küpürsäp ýatan meýdanlarynyň süňňüne-süýegine şypa berer ekeni.

Mübärek ATAKIŞIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.