Gelse nowruz äleme...

15 Mart 2022
610

Halkara Nowruz baýramynyň bellenilýän günlerinde onuň taryhy köklerini yzarlamak hem hemmeler üçin gyzykly bolsa gerek. Nowruzyň taryhy köklerini öwrenmek üçin, ony ekerançylygyň irki ojaklary bilen baglanyşdyrmak has ýerlikli bolar. Taryhyň dürli döwürlerinde Nowruz baýramynyň däp-dessurlary, ruhy ýörelgeleri alysdaky we golaýdaky halklaryň medeni we ruhy gatnaşyklarynyň ösmegine täsir edipdir. Belli arheologlar, etnograflar Türkmenistanyň gadymy Müsür, Mesopotamiýa, Hytaý, Hindistan ýaly öz döwrüniň ösen siwilizasiýalary bilen medeni gatnaşyklarda bolandygyna güwä geçýärler. Şeýle gatnaşyklar Türkmenistanyň ösen medeniýetiniň bäşinji siwilizasiýa bolandygyny hem tassyklady. Nowruz baýramynyň taryhy kökleri barada käbir maglumatlarda Mesopotamiýanyň (derýa aralygynda) medeniýetiniň başyny başlan Sumer (Şumer) ilaty hasaplanylýar. Sumerler bu baýramy «Akitil» diýip atlandyrypdyrlar. «Til» sözi sumer dilinde «ýaşamak we dogmak» diýen manyny aňladypdyr. Alymlaryň pikirine görä, sumerliler Hazar deňziniň eteklerinden häzirki Yragyň ýerlerine çenli ýaýrapdyr diýip hasaplaýarlar.

Gadymy döwürlerden başlap, tä biziň eýýamymyzyň başyna çenli täze ýyl resmi ýagdaýda Nowruzda bellenilipdir we gün senenamasy Nowruzdan başlanypdyr.

Perman HALMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.