Ýaşyl öwüsýän maýsalar

15 Mart 2022
790

Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň M.Garlyýew adyndaky daýhan birleşiginiň hasyl ussatlary häzirki günlerde 2021-nji ýylda ekilen 1260 gektardaky ak bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, suwdan gandyrmak üçin möhüm agrotehniki çäreleri talabalaýyk geçirmekde tutanýerli zähmet çekýärler. Gallaçy kärendeçiler ekin meýdanlarynda endigan gögerip çykan, ýaşyl öwüsýän maýsalaryň hasyllylygyny has-da artdyrmak, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly bolan 2022-nji ýylda öňde goýlan il-ýurt ähmiýetli wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, 2180 tonna azyklyk dänäni öndürip, Watan harmanyna tabşyrmagy maksat edinýärler. Bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmäge yhlas edýän hojalygyň janypkeş gallaçy kärendeçileri öz kärendesine alan ýerlerine ýerli toprak, howa şertlerine uýgunlaşan, kesele hem-de şemalyň garşysyna durnukly, idegi talabalaýyk ýetirseň, bol hasyl berýän «Juwan-A2» sortuny ekdiler.

Olar etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň we daýhan birleşigiň tejribeli mehanizatorlarynyň ýardam bermekleri bilen ekerançylyk meýdanlarynda bugdaýa agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg edýärler. Ekin meýdanlarynyň daş-töweregini we olaryň suw akabalaryny haşal otlardan arassalamak, her gektaryna 200 kilogram fosfor, 100 kilogram karbamid, garaz, häzirki wagta çenli 500 gektar meýdana mineral dökünleriniň talabalaýyk berlendigini daýhan birleşigiň baş hünärmeni Jumadurdy Ataýew gürrüňdeş bolanymyzda aýtdy. Biz daýhan birleşiginde zähmetsöýer hasyl ussatlarynyň şu ýylda hem ýokary netijeleri gazanyp, asylly maksatlaryna ýetmeklerini arzuw edýäris.

Orazmyrat ÇANDYROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.