Oba durmuşynyň täsinlikleri

15 Mart 2022
601

Ýaşlygymyz obada geçensoň, pagta meýdanlarynda hasyl alynýança ýere nähili zähmet siňdirilýändigini gördük. Özümize-de şol işlere goşandymyzy goşmak miýesser etdi. Otag otamak şolaryň iň esasylarynyň biridir. Gowaça ekilensoň, hatara düzülip, gögerip başlan wagtlary ýekeleme işleri bilen bir hatarda ilkinji otag işleri hem utgaşdyrylyp geçirilýär. Bu döwre birinji otag diýilýär. Göz çeni bilen dört barmak, bir garyş aralykdaky gür bolup gögeren kiçijik gowaçalar ýolunyp aýrylýar. Şeýlelik bilenem, olaryň aralygy açylýar. Ýekelemäniň geçirilmeginiň sebäbi gowaçalaryň aralygyndaky haşal otlar aýrylmasa, düýbüni ot basyp, boý alyp, ösüp bilmeýär. Ýekelemeden soň, gowaçalar öz boýuna ösüp başlansoň, onuň ujy çirtilýär. Çirtmäni geçirmegiň düýp manysy gowaçanyň köp hasyl toplamagyna peýdalydyr. Soňra gowaça öz wagtyna baransoň, körekläp, ýuwaşjadan saralyp, çyzylan gozalaryň arasyndan ak pagta görnüp başlaýar.

Çagalygymyzda jöweniň ekilişi hem ýadymyzda berk ornapdyr. Jöwen ekilende, ýere tohum köp düşende, baldaklary inçeden uzyn bolup gögerýär. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde jöweniň güri ekilişine gowuş diýilýär. Düýbi haşal otlar basan, gür bolup gögeren gowşuň otlary otalyp, arassalanýar. Şondan soň, jöwen boý alyp, dik ösýär, onuň başy ap-ak bolup, däneleýär. Dänelän döwri iki dürli bolýar. Jöwen dik ösende, onuň başynda däneleri süýri bolýar. Oňa «ýatak başy» diýilýär. Başy egilip, däneleri togalak-togalak bolýar. Şonuň üçin bu döwre «gaňrak başy» diýilýär. Jöwen ösüp, boý alyp, başynyň däneleri bişensoň, ony orup, başyny gaňryp, hasylyny harmana uly üýşmek edip üýşürýärler. Öňler harman jaýda uly agaç ýa-da demir sütünini dikip, üç-dört sany eşek malynyň gözüni daňyp, agzyna torba geýdirip, ýüplerini berk baglapdyrlar. Soňra däne döwmäge goşulan mallary esli wagtlap aýlardylar. Mallar her gezek aýlananda, däneleri daş-töwerege pytrap gitmez ýaly bir adam ýabak bilen deň düşer ýaly edip agdaryp, oňa gözegçilik ederdi. Jöwen däneleriniň döwlüp, taýýar bolmagy harmanyň azlygyna, köplügine bagly. Bir döwür «kürek» diýlip atlandyrylan, tegelek iki saply edilip bejerilen guralyň kömegi bilen şemalyň ugrunda däneler sowrulyp, arassasy, hapasy saýlanylypdyr. Iri gözenekden geçirilip, haraza alnyp gidilmäge taýýarlanylypdyr. Soňky döwürde oba hojalyk ulgamynyň ýokary derejede ösmeginiň netijesinde bu işler ýörite tehnikalaryň üsti bilen ýerine ýetirilýär.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.