Öz-özüni dolandyrýan «akylly» ýyladyşhana

15 Mart 2022
871

Hytaýyň «Hongfu Group» kompaniýasy ýurduň Ulankab şäheriniň golaýynda döredilen «Ulankab Hongfu» oba hojalyk seýilgähiniň çäginde 30 gektar meýdany bolan döwrebap ýyladyşhana toplumyny işe girizdi.

Onuň gurluşygy 2021-nji ýylda başlandy we bir ýyla golaý wagtda doly tamamlandy. Ýyladyşhanada gök önümleriň her ýyl 12 müň tonnasyny ýetişdirip bolar. Munuň üçin ol iň döwrebap inženerçilik we «akylly» ulgamlar bilen üpjün edildi. Hytaýdaky iň meşhur we döwrebap «akylly» ýyladyşhanada ýetişdirilen ilkinji önümler Pekindäki iri söwda merkezlerine hem-de ýurduň ähli künjeklerindäki söwda nokatlaryna eltilip berilýär.

Söýünmyrat REJEPGELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.