Şanly wakalara beslenen hepde

27 Iýun 2021
881

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýyl medeniýet, sungat hem-de döredijilik işgärleriniň hepdeligini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Şonuň çäginde Medeniýet hepdeligi Lebap welaýatynda ikinji gezek geçirildi. Ýokary guramaçylykly geçirilen Medeniýet hepdeligi birnäçe şanly wakalara beslendi.

Lebap welaýaty ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda, ýokary depginler bilen günsaýyn ösýär, özgerýär. Welaýatymyzda diňe soňky ýyllarda ululy-kiçili desgalaryň ýüzlerçesi gurlup, ulanmaga berildi, olaryň ýene-de birnäçesiniň gurluşygy gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär.

Jumagül BAZAROWA,
Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň mugallymy.