Owlak-guzy möwsümi

15 Mart 2022
824

Ýurdumyzda ilaty azyk önümleri bilen üpjün etmekde maldarçylyk pudagynyň tutýan orny örän uludyr. Dowardarçylyk onuň esasy bölekleriniň biridir. Bu pudakda owlak-guzy almak möwsümi jogapkärli möwsüm hasaplanýar. Ony üstünlikli geçirmek sürüler üçin amatly ýerleriň saýlanyp alynmagyna, ýeterlik ot-iýmiň bol bolmagyna, zooweterinariýanyň talaplarynyň dogry berjaý edilmegine we guramaçylyga baglydyr. Hojalyk ýolbaşçylarydyr hünärmenler owlak-guzy möwsümini geçirmegiň meýilnamasyny düzüp, çopan-çoluklar bilen onuň öň ýanynda seminar-maslahatyny geçirse, işleriň gidişi has-da netijeli bolýar.

Dowarlar gyşdan orta we ýokary semizlikde çykarylyp, owlak-guzy möwsüminden öň goşmaça iýmitlendirilse, olaryň diňe özüniň däl, eýsem, guzularynyň hem sagdyn bolmagyny üpjün edýär. Höwre goşuljak goýunlara örüden alýan otunyň daşyndan goşmaça konsentrirlenen iým, owradylan bede bermek gerek. Şu döwürde olaryň duza bolan islegi hem artýar. Şonuň üçin nowalarda daş duzlaryny goýmaly. Bu bolsa hem goýnuň, hem guzynyň sagdynlygyna peýdalydyr.

Täzegül SEÝITMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň «Ýüň we deri çig malynyň hilini kesgitleýiş» barlaghanasynyň başlygy.