Ýer ýüzünde ekerançylygyň dikligine ýetişdirilýän görnüşi barha giň meşhurlyga eýe bolýar. Bu usul hem ýerdir suwy tygşytlamaga, ekinden göwün diýen hasylyňy almaga ýardam berýär.
Niderlandiýanyň «Bosman Wan Zaal» we Angliýanyň «GrowUp Farms» kompaniýalary Iňlis graflygynyň Kent şäherinde täze dik fermalary gurup başlady. Fermalar ekişden başlap, täze önüm gaplanylýança, zerur bolan serişdelerdir şertleriň ählisi bilen üpjün ediler. Iňlis topragyndaky dik ekerançylygyň ilkinji hasylyny öňümizdäki gyşda satuwa goýbermek meýilleşdirilýär.